Türkmenistanyň Russiýadaky täze ilçisi Esen Aýdogdyýew boldy. Ol mundan ozal Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory bolupdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-noýabrdaky buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Moskwadaky ozalky ilçisi Batyr Niýazliýew “başga işe geçmegi sebäpli” diýen kesgitleme bilen bu wezipeden boşadyldy.
Geçen ýyl Azatlygyň türkmen hökümetindäki çeşmeleri Aýdogdyýewiň prezident Serdar Berdimuhamedowyň hökümetiniň düzüminde daşary işler ministri bolmak ähtimallyklarynyň uludygyny aýdypdylar.
Aşgabadyň geçen ýylyň sentýabrynda Ankara ýüz tutup, öz raýatlary üçin 30 günlük wizasyz syýahat düzgüniniň ýatyrylmagyny gazanmagyndan soň, zähmet migrantlarynyň köpüsi Türkiýäniň ornuna, has köp Russiýany saýlap başladylar.
2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistandan Russiýa 23.6 müň türkmenistanly syýahat edipdir. Bu görkeziji hasabat döwründe Russiýa sapar eden daşary ýurt döwletleriň raýatlarynyň arasynda bäşinji orunda durýar.
Russiýa türkmen raýatlarynyň okamak, pul gazanmak we saglygyny bejertmek üçin iň köp saýlaýan ýurtlarynyň biridir.