Türkmenistan şu ýylyň bäş aýynda Türkiýeden bahasy 9,9 million ABŞ dollaryna barabar bolan awtoulag şaýlaryny import etdi.
“Biznes Türkmenistan” bu habary “Trend” neşiriniň Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp beren maglumaty esasynda çap etdi.
Şeýle-de habarda Türkmenistanyň diňe maý aýynda Türkiýeden 2,6 million ABŞ dollaryna barabar ätiýaçlyk şaýlaryny import edendigi bellenýär.
Neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 2023-nji ýylda 2,5 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.
Bu iki ýurduň söwda dolanyşygynyň agramly bölegini, habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, elektrik enjamlary, metal önümleri, senagat tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlary, önümçilik maksatly serişdeler düzýär.