“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady diýip, türkmen metbugaty bu işiň amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini habar berýär.
Habarda bellenmegine görä, bu guramanyň esasy iş ugurlary ýurduň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşmakdan, ýaş nesilleriň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden we “ýaşyl” endikleri wagyz etmekden ybarat.
“Web-saýtymyzyň işe girizilmegi sanlylaşdyrma bilen ekologiýa medeniýetiniň utgaşmasydyr. Ol diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, tebigaty goramak bilen bagly başlangyçlaryň ähli taraplar üçin elýeterli bolmagyna hyzmat eder. Bu platforma ekologiýa durnuklylygy ugrunda halkara derejesindäki gatnaşyklary berkidýän möhüm köpri bolar” diýip, guramanyň başlygy Leýli Şyhmädowa aýdypdyr.
Azatlygyň habarçylary Türkmenistandaky daşky gurşaw meseleleri, şol sanda Hazar deňziniň kenarlaryndan tapylýan öli düwlenler barada habar berýärler.
Mysal üçin, geçen ýylyň noýabrynda habarçymyz Hazar (Çeleken), Türkmenbaşy, Gyzylsuw we beýleki kenarýaka aýlawly ýerlerde, Garabogazda we gazak serhedine ýakyn kenarlarda ýüzlerçe uly düwleniň we düwlen çagalarynyň jesetleriniň görlendigini habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty adatça bu hili habarlary, şol sanda tebigy hadysalar baradaky maglumatlary hem çap etmeýär.
Degişli maglumat 'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy