Tussaglykdaky belarus aktiwistine ýene aýyplama bildirilýär

Belarusyň adam hukuklaryny goraýjy toparlary, Şarenda-Panasýuky syýasy tussag hökmünde ykrar etdiler. (arhiw suraty)

Belarusda raýat jemgyýetçilik toparlaryna we azat metbugata edilýän basyşlaryň arasynda, tussaglykdaky aktiwist Palina Şarenda-Panasýuka täze aýyplama bildirilýär. Onuň türme möhleti awgustyň başlarynda tamamlanan bolsa-da, ol entegem tussaglykdan goýberilmeýär.

Şarenda-Panasýuk häzir “jeza beriş merkeziniň içerki düzgünlerini gödek bozmakda” aýyplanýar.

Ol ilki başda 2021-nji ýylda tussag edilip, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Oňa Belarusyň diýdimzor dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenkanyň şahsyýetini kemsitmekde we polisiýa ofiserine hüjüm etmekde aýyplama bildirilipdi.

Ol 6-njy awgustda azatlyga çykmaly bolan bolsa-da, tussaglyk merkezinden goýberilmedi.

Eger-de Şarenda-Panasýuk günäli tapylsa, ol ýene-de bir ýyl möhlet bilen tussaglyga höküm edilip bilner.

Belarusyň adam hukuklaryny goraýjy toparlary, Şarenda-Panasýuky syýasy tussag hökmünde ykrar etdiler.