Ukrain goşuny Krymdaky nyşanalara hüjüm etdi

Ukrainanyň harby aňtaw gullugy awgust aýynda Russiýanyň Krymyň günbatarynda ýerleşýän iň häzirki zaman howa goragy ulgamynyň, S-400 kysymly ulgamyň ýok edilendigini habar berdi.

Şaýatlaryň, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň we rus häkimiýetleriniň berýän maglumatlaryna görä, ukrain goşuny birinji gün agşamyndan bäri Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymdaky nyşanalara zarba urýar. Tassyklanylmagyna görä, ýarym adanyň günbatarynda strategiki ähmiýete eýe bolan harby desga zarba uruldy.

Rus telegram kanallary ýarym adanyň günbataryndaky Olenewka obasynyň golaýynda ýerleşýän uçara garşy raketa polkuna gije hüjüminiň edilendigini aýtdylar.

"Astra" neşiri, çeşmesini görkezmän, 17 harby gullukçynyň ýaralanandygyny we birnäçe awtoulagyň weýran bolandygyny öňe sürýär.

Sewastopolda ýaşaýan rus harby blogçysy Boris Rožin hüjümiň Amerikanyň ATACMS taktiki raketalary tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdi. Bu maglumat barada resmi düşündiriş berilmeýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugy Russiýanyň howa goragy polkunyň hakykatdanam Olenewka etrabynda ýerleşýändigini belleýär. Ukrainanyň harby aňtaw gullugy awgust aýynda Russiýanyň Krymyň günbatarynda ýerleşýän iň häzirki zaman howa goragy ulgamynyň, S-400 kysymly ulgamyň ýok edilendigini habar berdi.

Ukrain goşunynyň strategiki aragatnaşyk merkezi birinji gün Krymda “rus goşunlarynyň strategiki howa goragy desgasyna” hüjüm edilendigini aýtdy, ýöne hiç bir jikme-jikligi açmady.

Sewastopolda günortan nahary wagtynda howa hüjümi duýduryşy yglan edildi. “Krym hakykaty” neşiri şäherde dört partlamanyň sesiniň eşidilendigini habar berdi. Rus administrasiýasy iki sany howa nyşanasynyň urlandygyny aýdyp, hasabat berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanatyna görä, şäher portunyň reýdinde Ukrainanyň deňiz dronlarynyň öňi alyndy. Rožin ýene iki adamyň Hersoneso aýlagyna girmäge synanyşandygyny aýtdy.

Sewastopolda goýy tüsse görünýär, ýerli häkimiýetler munuň tüsse perdesidigini aýtdylar. Sosial ulgamlarda Russiýanyň uçara garşy raketalarynyň atylyşyny görkezýän wideolar ýaýradylýar. Aýdylmagyna görä, olar hüjüm wagtynda ýazgy edilipdir.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň 8 sany “Storm Shadow” ganatly raketasyny urandygyny aýdýar, emma bu maglumat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýär.

Rus raketalary 30-njy oktýabr güni irden Ukrainanyň günortasyndaky Odesa sebitinde ýerleşýän gämi abatlaýyş howlusyna zarba urdy diýip, sebit häkimi Oleh Kiper aýtdy.

"Edilen hüjüm netijesinde ýangyn turdy ... kärhananyň administratiw binasyna we enjamlaryna zyýan ýetdi" diýip, ol telegramda paýlaşan hatynda aýtdy we bu hüjümde iki adamyň ýaralanandygyny we keselhana ýerleşdirilendigini hem sözüne goşdy.

Rus goşunlary öten agşam Ukraina garşy ýene bir howa zarbasyny urdy, bu gezek 12 sany “Şahed” drony ulanyldy, ýöne olaryň ählisi howa goranyş güýçleri tarapyndan urlup gaçyryldy diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 30-njy oktýabrdaky hasabatynda aýdylýar.

Baş ştabyň gündelik hasabatynda aýdylmagyna görä, geçen 24 sagadyň dowamynda Kupýansk, Limansk, Awdiýewka, Marinsk, Şahtarsk we Zaporižýa front liniýalarynda 60 töweregi söweş çaknyşygy boldy. "Gynansak-da, bu hüjümler netijesinde parahat ilatyň arasynda ölenler we ýaraly bolanlar bar" diýip, hasabatda bellenýär.

29-njy oktýabrda gündogar Donetsk sebitiniň front liniýasyndaky Siwersk şäherinde, rus güýçleriniň atan top okunyň münüp barýan ulaglaryna gelip degmegi netijesinde, ukrain polisiýasynyň dört işgäri ýaralandy diýip, Kiýew aýtdy.

"Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýagdaýy kanagatlanarly, olar ambulatoriýa bejergisini alýarlar" diýip, Içeri işler ministrliginiň telegram hatynda aýdylýar. “Hüjümde "ofiserleriň ulagy zaýalandy" diýip, hatda bellenýär.

Ukrainanyň howa güýçleri 29-njy oktýabrda rus güýçleriniň öňki agşam uçuran “Şahed” dronlarynyň bäş sanysyny urup gaçyrandyklaryny aýtdylar. Bu hüjümlerde Ukrainanyň Hmelnitskiý, Mykolaýew, Poltawa we Zaporižýa sebitleri nyşana alyndy diýip, häkimiýetler aýtdy.