Ukrain goşuny Russiýanyň Odesa portuna uly hüjüm edendigini aýdýar

Odesada zyýan ýeten bina.

Russiýa öten agşam günorta Ukraina garşy uly howa hüjümini gurnap, günortadaky Odesa şäheriniň port sebitine zarba urup, däne ammarlaryny we beýleki desgalary ýykdy.

Günorta Ukrainadaky goranmak güýçleri Russiýanyň Odesa tarap 19 sany “Şahid” dronyny uçurandygyny we iki sany sesden çalt raketany, “Oniks” kysymly raketalary we 12 sany ganatly raketany, “Kalibr” raketalaryny atandygyny aýtdy. Ukrainanyň howa güýçleri “Kalibr” raketalarynyň Gara deňizdäki gämiden we suwasty gämiden atylandygyny aýtdy. “Kalibr” raketalarynyň diňe biri urlup gaçyrylmady.

Emma muňa garamazdan, Russiýanyň Odesadaky port infrastrukturasyna uran zarbalary "düýpli zyýana sebäp boldy" diýip, günorta goranmak güýçleri aýtdy.

Sebit häkimi Oleh Kiper zarba urlan desgalarda 1000 tonna golaý gallanyň saklanýandygyny aýtdy.

"Oniks raketalary däne ammarlaryny ýumurdy" diýip, günorta Ukrainanyň Goranmak güýçleri "Telegram" habarlaşma platformasynda çap eden beýanatynda aýtdy. Şeýle-de, ýokardan gaçan raketa galyndylary sebäpli Odesa töweregindäki ammarlara we hususy jaýa zyýan ýetdi, ýangyn döredi diýip, beýanatda aýdylýar.

“Odesadaky deňiz stansiýasy düýpli zyýan çekdi, stansiýanyň birnäçe ýyl bäri işlemän duran myhmanhanasynyň binasynda ýangyn turdy. Ýangyn söndürijiler ony derrew öçürdiler" diýip, goşun aýtdy.

Kiper Odesa edilen hüjümde bir aýalyň ýaralanandygyny we onuň häzir ýerli keselhanada bejergi alýandygyny aýtdy.

Russiýa iýul aýynda BMG-niň araçylyk etmeginde baglaşylan we ukrain gallasynyň Gara deňiz arkaly howpsuz eksport edilmegine ýol berýän däne şertnamasyndan çykanyndan soň, Ukrainanyň günorta Odesadaky we Mikolaýew sebitlerindäki galla eksporty infrastrukturasyna edýän hüjümlerini güýçlendirdi.

Ukrainanyň günorta harby serkerdeliginiň metbugat sekretary Natalýa Humenýuk Russiýanyň, görnüşinden, "howa goragynyň näderejede saklygyny barlamaga synanyşýandygyny" aýtdy.

“Olar port infrastrukturasynyň biziň sebitimiz üçin ileri tutulýan ugurdygyna we ygtybarly goralýandygyna düşünýärler. Ýöne, hut şu sebäpden, şu gije edilen hüjüm hem şeýle köpçülikleýin, hem-de garjaşyk ýagdaýda amala aşyryldy” diýip, ol telegramda aýtdy.

Günorta Ukrainanyň başga ýerlerinde hem topa tutmalar güýçlendi diýip, Herson harby administrasiýasy habar berdi. Sebit häkimi Oleksandr Prokudin Russiýanyň Dnieper derýasynyň sag kenaryndaky Berislaw şäherine hüjüm edip, azyndan bir adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy.

"Bu maglumat aýdyňlaşdyrylýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gündogar-merkezi Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Serhiý Lysak asmandan gaçan dron galyndylarynyň prezident Wolodymyr Zelenskiniň doglan şäheri Kriwi Rihde bir senagat kärhanasynda ýangyn turmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Russiýa bu aýdylýanlar barada häzire çenli hiç hili düşündiriş bermedi, ýöne Goranmak ministrligi ukrain dronlarynyň Gara deňziň demirgazyk-günbatar künjeklerini we 2014-nji ýylda Moskwa tarapyndan bikanun anneksiýa edilen Krymy nyşana alandygyny aýtdy.

Moskwa öz howa goraglarynyň dört sany pilotsyz uçary “ýok edendigini” aýtdy. Bu aýdylan hüjümler netijesinde ýeten zyýan ýa-da şikes barada maglumat berilmedi.

Mundan başga, Russiýanyň Goranmak ministrligi öten agşam ýene dört sany ukrain dronynyň öňüniň alnandygyny, olaryň Ukraina bilen araçäkleşýän iki sebitde, Kursk we Brýansk asmanynda saklanandygyny aýtdy.

Kursk sebitiniň häkimi Roman Starowoýt birnäçe ýaşaýyş jaýynyň we administratiw binanyň üçegine zyýan ýetendigini, ýöne ölenleriň bolmandygyny aýtdy. Brýansk sebit häkimi Aleksandr Bogomaz öz gözegçiligindäki ýerlerde "ýitgi ýa-da zyýan" ýokdugyny aýtdy.

Ukraina bu aýdylýanlara bada-bat düşündiriş bermedi.

Ukraina Russiýanyň içindäki ýa-da Russiýanyň daşynda, Ukrainanyň çäginde gözegçilik edýän ýerlerindäki hüjümleriň jogapkärçiligini kän öz üstüne almaýar, ýöne soňky aýlarda Russiýanyň harby infrastrukturasynyň weýran edilmeginiň Kiýewiň garşylykly hüjümine kömek edýändigini aýdyp başlady.