Ukrain güýçleri Donetsk sebitiniň günorta-günbataryndaky Urožaýne şäherini yzyna aldylar.
Bu şäher Donetsk we Luhansk sebitleriniň Russiýa tarapyndan basylyp alnan bölekleri bilen Ukrainanyň basylyp alnan Krym ýarym adasynyň arasyndaky "gury ýer köprüsini” kesmekde möhüm bolup durýar diýip, ýokary derejeli resmi 16-njy awgustda aýtdy.
"Urožaýne azat edildi" diýip, goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar telegramda ýazdy. “Biziň goragçylarymyz şäheriň eteklerine ýerleşdi. Hüjüm hereketleri dowam edýär” diýip, ol aýtdy.
Bu habar garaşsyz ýagdaýda we bada-bat tassyklanyp bilinmedi. Russiýa şäheriň yzyna alnandygy barada aýdylýanlara hiç bir düşündiriş bermedi.
Urožaýne we goňşy Staromaýorske şäheri soňky günlerde, ukrain güýçleriniň garşylykly hüjümi tijemeklerini dowam etdirmeginiň arasynda, gazaply söweş sahnalaryna öwrüldi.
Bu şäherler Donetsk sebitiniň Russiýa tarapyndan gözegçilikde saklanylýan sebitleri bilen Russiýanyň basyp alan ýerleriniň, şol sanda Azow deňziniň Mariupol we Berdýansk portlarynyň arasynda möhüm baglanyşyk bolup durýar.