Zaporižýa sebitiniň günorta-gündogaryndaky ukrain güýçleri Russiýanyň gorag päsgelçiliklerini böwüsdi diýip, ABŞ-da ýerleşýän gözleg topary aýtdy.
"Ukrain ýeňil pyýada goşunlary sebitiň günbatarynda häzirki rus goranyş gatlagyny düzýän tanka garşy garymlardan we “aždarha dişlerinden” döredilen tank päsgelçiliklerden has ýokary derejä çykdy" diýip, Amerikanyň urşy öwreniş instituty (ISW) 4-nji sentýabrda Ukrinanyň söweş meýdanyndaky ýagdaýlaryna beren synynda aýtdy. "Ukrain güýçleri bu pozisiýalary elde saklamagy maksat edinýäne meňzeýär" diýip, synda bellenýär.
Bu syn Kiýewiň öz uruş ýolbaşçylygyna üýtgeşme girizip, Russiýanyň basyp alan ýerlerini yzyna almak üçin üç aýa golaý dowam eden garşylykly hüjüminiň tizligi barada Günbataryň aýdan tankydy pikirlerine garşy çykan wagtyna gabat geldi.
Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksi Reznikow 3-nji sentýabrda işden çekilmek baradaky arzasyny tabşyrdy, prezident Wolodymyr Zelenski "täze çemeleşmeleri we umuman harby we jemgyýet bilen özara gatnaşyklaryň beýleki görnüşlerini" girizmek kararyna gelendigini aýtdy.
Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli çozuşyndan soň Ukrainanyň günbatarly hyzmatdaşlaryny ýurda kömek etmek üçin milliardlarça dollar harby kömek, çylşyrymly ýaraglar bilen üpjün etmäge yrmakda möhüm rol oýnan Reznikowyň ornuna asly Krym tatarlaryndan bolan ukrain syýasatçysy Rustem Umerow goranmak ministri bolar.
Şahsyýetleri anyklaşdyrylmadyk ABŞ resmileri ýaňy-ýakynda Ukrainanyň garşylykly hüjüminiň gidişine nägilelik bildirdiler we Russiýanyň demirgazyk-gündogardaky hüjümine garşy durmak we günorta-gündogardaky berkitmeli goranyşyny ýeňip geçmek üçin ulanylýan taktikany sorag astyna aldylar.
Waşington soň bu tankytlaryň "peýdaly bolmandygyny" we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýakynda Kiýew goşunynyň "görnetin üstünliklerini" görendigini aýtdy.
Zelenski 2-nji sentýabrdaky telegram ýazgysynda bu tankyda gaýtawul berdi: "Ukrain güýçleri öňe barýar. Hiç bir zada garamazdan, her kim näme diýse-de, biz öňe barýarys we bu iň möhüm zat" diýip, prezident aýtdy.
Ukrain goşuny şol günüň ertesi, hepdeläp dowam eden agyr mina aýyrmak tagallalaryndan soň, Russiýanyň Zaporižýa sebitindäki goranyş ugruny böwsendigini öňe sürdi.
Urşy öwrenýän institut ukrain esgerleriniň Zaporižýa sebitiniň Orihiw şäheriniň günorta-gündogaryndaky rus goranyşyndan geçendigini aýtdy. Ol ýerdäki ukrain güýçleri Melitopol şäherine çykmaga, şeýlelikde ruslaryň gündogarda basyp alan ýerlerini 2014-nji ýylda Moskwa tarapyndan bikanun ele geçirilen Krym ýarym adasy bilen birleşdirýän gury ýer köpüsini kesmäge synanyşýarlar.
Gözleg topary ukrain güýçleriniň Russiýanyň günorta-gündogar etraplarda guran beýleki goranyş liniýalaryna hem aralaşandyklaryny we bu sebitdäki beýleki gorag berkitmelerindäki böwsüşleri hem giňeldýändiklerini aýtdy.
Russiýa 5-nji sentýabr güni irden ýurduň paýtagtyny nyşana alan pilotsyz uçarlaryň azyndan üç sanysyny urup gaçyrdy diýip, Russiýanyň Goranmak ministrligi aýtdy.
Ministrlik ýurduň howa goranyş ulgamlarynyň Moskwa sebiti bilen araçäkleşýän Kaluga we Twer sebitleriniň asmanynda iki sany pilotsyz uçary, paýtagtyň golaýynda, Moskwa sebitiniň Istra etrabynyň ýokarsynda bir pilotsyz uçary urup ýykandygyny aýtdy.
Russiýanyň habar gulluklary paýtagtyň töweregindäki dört esasy howa menzilinde - Wnukowo, Domodedowo, Şeremetýewo we Žukowskiý aeroportlarynda 5-nji sentýabrda uçmaly 50-ä golaý uçaryň uçmagynyň goýbolsun edilendigini ýa-da uçjak wagtlarynyň yza süýşürilendigini habar berdiler.