Ukrain hökümeti goranmak ministrliginiň alty orunbasarynyň ählisini we Goranmak ministrliginiň döwlet sekretaryny wezipelerinden boşatdy diýip, Ministrler kabinetiniň parlamentdäki wekili Taras Melniçuk 18-nji sentýabrda aýtdy.
Goranmak ministriniň orunbasarlary Hanna Malýar, Wolodymyr Gawrylow, Rostyslaw Zamlynskiý, Denis Şarapow, Andriý Şewçenko, Witaliý Deineha we ministrligiň döwlet sekretary Kostýantyn Waşçenko dagynyň weziplerinden boşadylýandygy prezident Wolodymyr Zelenskiniň Oleksi Reznikowy goranmak ministri wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Rustem Umerowy hödürläninden iki hepde soň mälim boldy.
Kanun çykaryjylar täze ministriň kandidaturany 6-njy sentýabrda tassykladylar.