Ukrain kompaniýasy Aşgabadyň eteginde 'ýitileşen' ýerasty suwlar meselesini çözer

Bezeg suraty

Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň bir bölümi Aşgabadyň eteginde we töwereklerinde zeý suwlaryny akdyrmak üçin kese ulgam bolan ýerasty kollektorlaryň gurluşygyna başlady diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Aşgabat şäher häkimliginiň baş inženeri Arslan Amangeldiýewiň sözlerine görä, bu taslama paýtagtyň etegindäki gurluşyk meýdançalaryndaky ýerasty suwlar bilen baglanyşykly meseläni çözmäge gönükdirilen.

Aýdylmagyna görä, bu taslamanyň çäginde 2030-njy ýyla çenli 12 metrden 20 metre çenli çuňlukda, diametri üç metr bolan üç sany zeý-aragatnaşyk ötügi gurlar.

Birinji ötük Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrundan geçip, 90 gektar meýdan aralygyndaky ýaşaýyş we dolandyryş desgalaryny suw basmagyndan gorasa, ikinji ötük paýtagtyň “Çoganly” ýaşaýyş jaý toplumyndaky kottejleri gorar diýip, habarda onuň awtoulag terminalynyň binasyndan şäheriň daşynda ýerleşýän KOS-300 suw arassalaýjy desgasyna çenli uzajakdygy, üçinji ötügiň bolsa Şor-Garadamagyň çäginden KOS-300 suw arassalaýjy desgasyna çenli aralykdan geçiriljekdigi aýdylýar.

Şeýle-de, ýygnalan suwlaryň arassalanyp, suwaryş ulgamynda ulanyljakdygy habar berilýär.

Metbugat habaryna görä, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň şäheriň daşyndaky lagym, sil suwlaryny, ýerasty suwlary ýygnamak we çykarmak üçin niýetlenilen ýerasty zeý-aragatnaşyk ötügi 2016-njy ýylda ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň paýtagtynda we onuň töwereklerinde ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlamagynyň gurulýan köp gatly binalaryň ygtybarlylygyny gowşadýandygy aýdylýar. Emma hökümet ýurtdaky suw ýetmezçiligi, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagy, ýerleriň şorladylmagy bilen bagly meseleleri umumylykda tassyklap, emele gelen çynlakaý ýagdaý barada metbugatda açyk gürrüň edilmegine ýol bermeýär.

Degişli maglumat 'Aşgabat-sitiniň' guruljak ýerinde durnuksyz topraga hem prezident, hem-de bilermenler ünsi çekdi