Ukrain prezidenti uruşda azyndan 500 çaganyň öldürilendigini aýdýar

Wolodymyr Zelenski uru\da azyndan 500 ukrain çaganyň öldürendigini aýtdy. 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 4-nji iýunda Russiýanyň 16-njy aýyna giren urşunda azyndan 500 ukrain çagasyny öldürendigini aýtdy.

Zelenski bu sanlary halas ediş gullugynyň işgärleri Russiýanyň soňky hüjümleriniň birinde ölen 2 ýaşly gyzjagazyň jesedini tapanyndan birnäçe sagat soň aýtdy.

"Ukrain çagalarynyň janyny almagyny we olary ýok etmegini her gün dowam etdirýän rus ýaraglary we ýigrenji" Russiýa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina doly möçberinde goşun süreli bäri ýüzlerçe adamy öldürdi diýip, prezidentiň beýanatynda aýdylýar.