Ukrain zarbalaryndan soň, Russiýanyň Rostow sebitindäki nebit ammarynda ýangyn turdy - gubernator

Rostowyň Kamenski etrabynyň Molodežni obasynyň golaýynda ýerleşýän ammarda turan ýangyn

Ukrain pilotsyz uçarlary 28-nji awgustda Russiýanyň Rostow sebitindäki nebit ammaryna ot berdi, Russiýanyň günorta sebitiniň gubernatory Wasiliý Golubew rus telegram kanallarynda biraz öň berlen habarlary soň telegramda tassyklady.

Rostowyň Kamenski etrabynyň Molodežni obasynyň golaýynda ýerleşýän ammarda turan ýangyndan öň bu ýerde güýçli partlama boldy diýip, telegram habarlarynda aýdyldy.

"Kamenski etrabynda, pilotsyz uçaryň eden hüjümi netijesinde ýangyç ammarynda ýangyn döredi. Pida bolanlar ýok. Adatdan daşary ýagdaý güýçleri ýangyn söndürmek çärelerini görýär. Ýangynyň ýaşaýyş jaýlaryna ýaýramak howpy ýok” diýip, Golubew telegram habarynda ýazdy.

Golubew biraz öň rus howa goragçylarynyň bu sebitiň asmanynda görnen dört sany pilotsyz uçary urup gaçyrandygyny aýdypdy.

Rus howpsuzlyk gulluklary bilen ýakyn aragatnaşykda bolan telegram kanaly urlan pilotsyz uçarlaryň iki sanysnyň galyndylarynyň Kamenski etrabynda ýerleşýän üç sany ýangyç ammarynda turan ýangyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Telegramda ýerleşdirilen wideolar garaňkylykda ýanýan uly ýangyç ammarlaryna çalymdaş şekilleri görkezdi.

Ukraina bada-bat we garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmeýän maglumat barada hiç bir düşündiriş bermedi.

Raýat we energiýa infrastrukturasy 2022-nji ýylyň fewralynda, Moskwanyň sebäpsiz çozmagy bilen başlanan urşuň başyndan bäri üznüksiz bombalanýan we rus zarbalaryndan uly zyýan çeken Ukraina, öz gezeginde, soňky aýlarda Russiýanyň içinde we esasan harbylar üçin işleýän nebit we ýangyç desgalaryny nyşana aldy.

Rostowyň başga bir etrabynda, Proletarskda ot alan ýangyç ammarlary bolsa, aýdylmagyna görä, ukrain pilotsyz uçarlarynyň uran zarbasyndan soň, 10 gün çemesi wagt bäri ýanyp dur.

Günorta-günbatardaky Woronež sebitiniň gubernatory Aleksandr Gusew bolsa, "partlamak howpy bolan enjamlaryň”, belki-de ok-däri ammarynyň golaýynda ýangyn turandygyny habar berdi.

"Rossoşansk etrabyndaky howa goranmak güýçleri uçar görnüşli pilotsyz howa ulagyny gördi we ýok etdi ... Pilotsyz uçaryň aşak gaçan bölekleri partlaýjy enjamly desgalaryň golaýynda turan ýangyna sebäp boldy. Partlama bolmady" diýip, Gusew telegramda ýazdy.

Ol parahat ilatyň arasynda ejir çekeniň bolmandygyny, ýöne golaýdaky iki obanyň ýaşaýjylarynyň awtobus bilen, ätiýaçlylygy elden bermezlik üçin, başga ýere ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Şu aralykda, ukrain goşuny Donetskiň gündogaryndaky Kramatorskda Russiýanyň Su-25 uçaryny urup gaçyrandygyny aýtdy.

"Harby güýçlerimiz Kramatorsk ugrunda Russiýanyň Su-25 uçaryny urup ýykdy, ol uçar Goranmak güýçlerimiziň berkitmelerine ot açmaga synanýardy. Uçara garşy güýçler ony ýok etmek üçin MANPADS ulgamyndan gowy nyşana aldylar” diýip, harbylar aýtdy.

MANPADS bir adamyň ulanyp bilýän ýeňil, ykjam howa goranyş ulgamy bolup, howa gämilerine garşy ulanylýan gowy ýarag hasaplanýar.

Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa sebitinde ruslaryň eden pilotsyz uçar hüjümi üç adamyň, iki aýalyň we bir erkegiň ölmegine sebäp boldy diýip, sebit gubernatory Iwan Fedorow aýtdy.

"83 we 86 ýaşly iki aýal, 61 ýaşly bir erkek adam öldi, 19, 30, 56 ýaşly üç aýal we 59 ýaşly bir erkek rus pilotsyz uçarynyň eden hüjümi netijesinde ýaralandy" diýip, Fedorow sözüniň üstüni ýetirdi.