Ukraina Belgoroda dron hüjümini etdi - Belgorodyň häkimi

Belgorod

Ukraina Russiýanyň Belgorodyna pilotsyz uçar hüjümini etdi diýip, Ukraina bilen serhetleşýän sebitiň häkimi 3-nji ýanwarda aýtdy.

Ol sebitiň dolandyryş merkezine, Belgorod şäherine ýakynlaşan birnäçe pilotsyz uçaryň ýok edilendigini hem sözüne goşdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi biraz soň telegramda ýurduň howa goranyş ulgamlarynyň Belgorod sebitinde Ukrainada uçurylan jemi 12 raketany ýok edendigini aýtdy.