Krym köprüsine agyr zeper ýetdi, Ukraina bilen Russiýa özara zarbalary alyşdy

Ukrainanyň 17-nji noýabrda Krym köprüsine uran zarbasy Russiýanyň bu möhüm üpjünçilik ugruna iki günüň içinde edilen ikinji hüjüm boldy.

Ukrainanyň dronlary 17-nji noýabrda Krym köprüsine zarba urup, oňa uly zeper ýetirdi. Bu köpri Russiýanyň anneksiýa eden Krym ýarymadasyny Russiýanyň esasy bölegi bilen baglanyşdyrýar we möhüm üpjünçilik ugry hökmünde ulanylýar.

Hüjümden soňky suratlara görä, köpriniň awtoulag gatnawyna niýetlenen 227 metrlik arkaly bölegi Azow deňzini Gara deňiz bilen birleşdirýän Kerç bogazyna gaçana meňzeýär. Köpriniň demir ýol gatnawyna niýetlenen arkaly bölegine hem zeper ýetdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski zarbalary tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, hüjümlerde Ukrainada öndürilen “Flamingo” ganatly raketasy hem ulanylypdyr.

“Biz Russiýa urşuň hemişe başlanan ýerine gaýdyp barýandygyny hem ýatladýarys. Ukrainanyň goranyş kuwwaty ýokary we şeýleligine-de galar. Şäherlerimize we halkymyza garşy terrory hiç haçan jogapsyz galdyrmarys” diýip, Zelenski ýazdy. Ol Kiýewiň “dartgynlylygy gowşatmaga gönükdirilen ädimleri Russiýa ençeme gezek teklip edendigini” hem belledi.

Köpri abatlanylýan döwürde Russiýadan Kryma diňe Russiýanyň basyp alan ukrain ýerlerinden geçýän gury ýer geçelgesi arkaly baryp bolar. Ýöne ukrain dronlary bu ugra hem zarba urup biler.

Moskwanyň basyp alnan Krym ýarymadasyna ýolbaşçy bellän Sergeý Aksýonow sebitdäki hüjümde iki adamyň ölendigini we köprüden gatnawyň togtadylandygyny aýtdy.

Uzynlygy 19 kilometr bolan awtoulag we demir ýol köprüsi Putiniň iň belli infrastruktura taslamalarynyň biridir. Ol Russiýanyň Ukrainadaky güýçleriniň esasy üpjünçilik ugurlarynyň biri bolup hyzmat edýär. Ukraina 16-njy noýabrda hem köprä zarba urupdy. Moskwa şu hepde köprä edilen ilkinji hüjümde oňa diňe az-kem zeper ýetendigini aýtdy.

Bu zarbalar Ukrainanyň uruş başlanaly bäri iň ulusy hasaplanýan dron hüjüminiň bir bölegi boldy. Russiýanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň soňky 24 sagatda 22 sebitiň üstünde Ukrainanyň dokuz “Flamingo” raketasyny we 2 müň 256 dronyny urup düşürendigini habar berdi. Şol sebitleriň arasynda Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan ýerleri hem bar. Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin dronlaryň 800-den gowragynyň paýtagta tarap uçandygyny aýtdy.

Ukrainanyň harbylary 17-nji noýabrda Russiýanyň Başgyrdystan sebitindäki “Salawat” nebiti gaýtadan işleýän we nebit-himiýa toplumyna zarba urandyklaryny aýtdylar.

Toplum Ukrainanyň serhedinden takmynan 1 müň 500 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

“Salawat adaty zawod däl. Ol Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän we nebit-himiýa önümlerini öndürýän iň iri toplumlarynyň biri bolup, ýylda takmynan 10 million tonna çig nebiti gaýtadan işläp bilýär” diýip, Ukrainanyň Baş ştaby X ulgamynda ýazdy.

Şol bir wagtda, rus raketalary Ukrainanyň paýtagtynda Dnepr derýasynyň üstünden geçýän iki köprä degdi. Netijede şäheriň metro ulgamyna bölekleýin zeper ýetdi we jemagat hyzmatlarynda bökdençlikler ýüze çykdy. Kiýewiň häkimi Witali Kliçko şäheriň Demirgazyk we Günorta köprülerine zarba urlandygyny sosial mediada tassyklady.

“Duşmanyň ballistik raketa hüjümi netijesinde paýtagtdaky iki köprä zeper ýetdi” diýip, Kliçko hüjümden soň Günorta köprüde ýazga alnan wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Zelenski Russiýanyň Kiýewdäki köprülere zarba urmak üçin ýedi ballistik raketa atandygyny aýtdy. Ol Russiýanyň gije Ukraina eden hüjüminden soň üç sebitde elektrik üpjünçiliginde uly bökdençlikleriň ýüze çykandygy barada habar berlendigini hem sözüne goşdy.

“Geçen gije Günorta köprä dört ballistik raketa, Demirgazyk köprä bolsa üç ballistik raketa degdi” diýip, Ukrainanyň prezidenti 17-nji noýabrda X ulgamynda ýazdy.

Russiýa ýurduň başga-da birnäçe sebitine we şäherine, şol sanda Ukrainanyň merkezindäki Çerkasy şäherine, şeýle hem Dnipropetrowsk we Zaporižžýa sebitlerine zarba urdy. Çerkasyda üç adam ýaralandy. Russiýanyň Goranmak ministrligi bu zarbalary tassyklady.

Ukrainanyň Energetika ministrliginiň maglumatyna görä, gijeki hüjümler sekiz sebitde elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine hem getirdi. Gyş golaýlaşdygyça, Moskwa raýatlaryň ulanýan energetika infrastrukturasyna garşy hüjümlerini güýçlendirýär. Ukrainanyň premýer-ministri Serhiý Koretskiý bu hüjümleri ukrainalylaryň “ruhuny syndyrmaga gönükdirilen hakyky terror” diýip atlandyrdy.

Koretskiý 16-njy noýabrda Brýusselde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: “Russiýa strategiýasyny düýpli üýtgetdi. Ol köprülere, infrastruktura desgalaryna zarba urýar, kärhanalara-da köp hüjüm edýär” diýdi.

“Bu hakyky terror. Munuň maksady ukrainalylaryň ruhuny syndyrmak, çydamyny tügetmek, paýtagt Kiýewde we millionlarça ilaty bolan şäherlerde ýaşaýşy çydap bolmajak, hatda ýaşamak mümkin bolmajak ýagdaýa getirmek” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski hepdäniň başynda Russiýanyň 19-njy noýabrda Hytaýyň Şençžen şäherinde geçiriljek üçtaraplaýyn duşuşygyň öňüsyrasynda uly hüjümlere geçip biljekdigini duýdurypdy. Duşuşyga ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň prezidenti Si Szinpin gatnaşar.