Ukraina garşylykly hüjümiň arasynda iki obany yzyna alandygyny aýdýar

Ukrain güýçleri garşylykly hüjümiň arasynda Donetsk sebitindäki iki obany yzyna alandyklaryny öňe sürýärler. Ukrain goşunlary 10-njy we 11-nji iýunda degişlilikde Neskuçne we Blahodatne obalaryny ele geçirendiklerini aýtdylar.

Sosial mediada obalaryň merkezinde düşürilen suratlar wideolar paýlaşyldy. Azatlyk Radiosy bu aýdylýanlary tassyklap bilmeýär.

Harby bloggerler ukrain güýçleriniň häzir günortadaky iki oba, 130 km uzaklykda ýerleşýän Mariupolyň etegine alyp barýan ýoluň boýundaky Makariwka we Urožaýne obalaryna hüjüm edýändigini aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, bu ugurda hereket edýän ukrain güýçleri häzirki söweşden takmynan 10 km günortada ýerleşýän we berk berkidilen rus liniýalaryna ýetip bilmedi diýip, bilermenler aýtdy.