Ukraina Russiýanyň doly möçberli çozuşynyň bäşinji ýylyna gadam basdy. Bu Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly ýaragly çaknyşykdyr. Bu waka, ukrain goşunlarynyň doňduryjy sowukda agyr hüjümlere garşy öz pozisiýalaryny saklaýan, şeýle-de asuda ilatyň gyşky howa şertlerinde energiýa üpjünçiliginiň kesilmegine getirýän köpçülikleýin dron we raketa hüjümlerine her gije duçar bolýan mahalyna gabat gelýär.
Pidalaryň sany barada dürli-dürli maglumatlar bar, ýöne ýakynda çap edilen bir hasabatda ölenleriň, ýaralananlaryň we dereksiz ýitenleriň sanynyň 1,2 million rus raýatyna we 500 müň - 600 müň ukrain raýatyna barabardygy görkezilýär.
Çaknyşyk millionlarça ukrainalynyň öýlerinden göçmegine getirdi. Bütindünýä banky Russiýanyň Ukraina garşy doly möçberli urşunyň 5-nji ýylyna gadam basmagynyň öňüsyrasynda ýaýradan maglumatynda ykdysadyýeti dikeltmegiň on ýylyň dowamynda 588 milliard ABŞ dollaryna barabar boljakdygyny aýtdy.
Ýöne munuň başlamagy üçin urşuň gutarmagy gerek.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 2025-nji ýylyň ýanwarynda wezipä girişmeginden soň başlanan Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk gepleşiklerinde häzire çenli aýdyň öňe gidişlik bolmady. Şol bir wagtda, ukrain häkimiýetleri şu hepdäniň ahyrynda goşmaça gepleşikleriň geçirilmeginiň mümkindigini mälim etdi.
Geçen hepde geçirilen gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň baş wekili Stiw Witkoff jikme-jiklikleri mälim etmezden, "ep-esli öňegidişligiň" gazanylandygyny aýtdy we "iki tarapyň hem ... ylalaşyga tarap işlemegi dowam etdirmäge razy bolandygyny" sözüne goşdy.
"Meniň pikirimçe, wagtyň geçmegi bilen iki tarap hem ABŞ tarapyndan ykdysady we daşary syýasat basyşyny duýýar" diýip, syýasy analitik Anton Penkowski "Current Time" neşirine beren maglumatynda aýtdy.
"Aslynda, biz indi iki tarapdan hem territoriýalar, Donbas meselesi barada has anyk soraglary eşidýäris" diýip, ol belledi.
Birnäçe aýlap dowam eden gepleşiklerden soň, territoriýa meselesi esasy dawalaryň biri bolmagynda galýar. Russiýa Ukrainadan harby taýdan basyp alyp bilmedik gündogar Donbas sebitini bermegi talap edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.