Ukraina hüjümi dowam etdirýändigini aýdýar, Moskwa Kiýewi Krym köprüsine zarba urmakda aýyplaýar

Ukrain esgeri garşylykly hüjüm wagtynda

Ukrain güýçleri gündogardaky Donetsk sebitinde käbir ýerleri yzyna alyp, günortadaky Zaporižýa sebitiniň Melitopol we Berdýansk sebitlerindäki hüjümlerini dowam etdirýär diýip, ukrain goşuny 17-nji iýulda, irden aýtdy. Şu aralykda Moskwa Kiýewi Russiýany Krym ýarym adasy bilen birleşdirýän esasy demirýol we köpri gatnawyna hüjüm edip, iki adamy öldürmekde, bir çagany agyr ýaralamakda aýyplady.

"Soňky bir hepdäniň dowamynda, (gündogardaky we günortadaky) hüjüm hereketleri netijesinde jemi 18 inedördül kilometre golaý ýer azat edildi" diýip, goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar telegramda ýazdy. Ol Bahmut töweregindäki ukrain güýçleriniň hem käbir ýerleri yzyna almagy başarandygyny aýtdy.

Ukrain goşunlary garşylykly hüjüme başlaly bäri yzyna alnan ýerleriň umumy meýdany jemi 210 inedördül kilometrden gowrak boldy diýip, Malýar sözüniň üstüni ýetirdi.

“Wagner” hakyna tutma söweşijileriniň ýolbaşçylygynda hüjüm eden rus goşunlary, birnäçe aýlap dowam eden agyr söweşlerden soň, maý aýynda Bahmuty aldy, emma ukrain goşunlary soňky wagtlar weýran edilen şäheriň demirgazygynda we günortasynda üstünlik gazanýar.

Malýar geçen hepdäniň dowamynda Bahmutyň töwereginde takmynan ýedi inedördül kilometr ýeriň azat edilendigini, Kiýew güýçleriniň jemi 30 inedördül kilometrden gowrak ýeri yzyna alnandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 17-nji iýuldaky gündelik hasabatynda rus goşunlarynyň esasy harby operasiýalaryny Donetskdäki Bahmut, Awdiýiwka, Kupýansk we Marýinka ugurlarynda jemleýändigini aýtdy.

Ukrain goşunlary rus güýçleriniň öz Donetskdäki pozisiýalaryna zabt etmek synanyşyklaryna gaýtawul berdi we soňky 24 sagatda gündogarda 28 sany ýakyn söweş tutluşygy boldy diýip, hasabatda aýdylýar.

Iň soňky söweş tutluşyklary 16-njy iýulda, rus güýçleriniň Ukrainanyň gündogar Harkow sebitine üç gezek zarba urmagy netijesinde boldy.

Garaňky düşenden soň howa duýduryşynyň yglan edilmegi bilen, Harkow sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleh Synehubow adamlara daşaryk çykmazlygy, içerde galmagy buýurdy.

Synehubow biraz öň telegramda ikinji hüjüm wagtynda bir raýatyň - 1999-njy ýylda doglan erkegiň öldürilendigini aýtdy. Harkowyň häkimi Ihor Terekow bu hüjümiň ýerli wagt bilen öýlän sagat 7 töwereginde edilendigini aýtdy.

Synehubow üç adamyň alan ýaralary sebäpli keselhana ýerleşdirilendigini we bir adamyň wakanyň bolan ýerinde bejergi alandygyny aýtdy.

Ukrain goşunynyň maglumatyna görä, rus goşuny Russiýanyň Belgorod sebitinden dört sany S-300 raketasyny atdy. Raketalaryň ikisi howada ýaryldy, galan iki raketanyň biri stadiona, beýlekisi şäher ýoluna gelip urdy.

Şu aralykda Moskwa Ukrainanyň Russiýany 2014-nji ýylda anneksiýa edilen Krym ýarym adasy bilen birleşdirýän esasy demirýol we köpri gatnawyna hüjüm edip, iki adamy öldürendigini, bir çagany bolsa agyr ýaralandygyny öňe sürdi. Şondan birnäçe sagat soň Kreml Russiýanyň galla şertnamasyny uzaltmajakdygyny aýtdy.

Kiýew bu wakanyň Gara deňiz arkaly däne eksport etmäge rugsat berýän ylalaşygyň möhletiniň tamamlanmagynyň öňüsyrasynda guralan prowokasiýa bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

BMG-niň aracylyk etmeginde ukrain dänesiniň howpsuz eksport edilmegine mümkinçilik berýän ylalaşygyň möhleti 17-nji iýulda, ýarygijede tamamlanýar.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Russiýanyň şertnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürmeginiň Krym köprüsinde bolan waka bilen bagly däldigini, şertnamanyň Russiýa degişli şertleriniň ýerine ýetirilmezligi bilen baglydygyny aýtdy.

Ol jikme-jiklikleri aýtmady, ýöne Moskwa köplenç, Günbatar tarapyndan girizilen sanksiýalara gönüden-göni girmese-de, galla we dökün eksportyndaky päsgelçilikleriň saklanyp galýandygyndan şikaýat edýär.

Peskow Russiýanyň bu şertnama "ylalaşygyň rus böleginiň şertleri ýerine ýetirilen badyna" dolanyp geljekdigini aýtdy. Ýöne jikme-jik maglumat bermedi.

Bu ylalaşyk boýunça iň soňky gämi 16-njy iýulda, Ukrainanyň Gara deňiz boýundaky Odesa portundan ugradyldy.