Ukraina Kiýewiň üstünde rus raketalaryny urdy

Harbylar Ukrainanyň üstünde 18 dronuň ýok edilendigini mälim etdiler. (arhiw suraty)

11-nji dekabrda Ukrainanyň Howa hüjüminden goranyş ulgamy Russiýanyň paýtagt Kiýewe we onuň töwereklerine atan raketalaryny urup düşürdi. Hüjümde azyndan dört adam ýaralandy. Bu barada harby we regional resmiler mälim etdi.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, Kiýewiň üstünde sekiz sany ganatly raketa ýok edilipdir. Paýtagtyň harby administrasiýasy urlan raketalaryň galyndylarynyň gaçmagy netijesinde, Kiýewiň günortasyndaky Bortnyçiý etrabynda dört ýaşaýjynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Harbylar Ukrainanyň üstünde başga-da 18 dronuň ýok edilendigini mälim etdiler. Maglumatda olaryň aglabasynyň günortadaky Mykolaýiw şäherini nyşana alandygy aýdylýar.