Ukraina Merkezi Aziýa döwletleri bilen “araçylar bolmazdan” hyzmatdaşlyk etmek isleýär diýip, Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha “Times of Central Asia” neşirine beren interwýusynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýurt “Ukraina + Merkezi Aziýa” görnüşindäki täze platformany döretmäge gyzyklanma bildirýär. Sebit ýurtlarynyň syýasatçylary häzirlikçe bu başlangyç barada açyk pikir aýtmadylar.
Andriý Sybiha “Times of Central Asia” neşirine beren interwýusynda söze derrew täsirli ýagdaýdan başlady. Ol maşgalasynyň taryhynyň Gazagystan bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny gürrüň berdi. Ukrainanyň DIM ýolbaşçysynyň kakasy Kostanaýda işlän eken we bu şäher hem-de ýurt barada hemişe ýyly sözler aýdypdyr.
Wideo (rus dilinde): “Ukraina + Merkezi Aziýa”: Kiýew sebit bilen “araçylar bolmazdan” dialoga gyzyklanma bildirýär.
Sybiha Gazagystanyň we Ukrainanyň meňzeş agyr taryhy döwürleri başdan geçirendigini nygtady. Häzir Kiýew diňe Astana bilen däl, eýsem ähli bäş Merkezi Aziýa döwleti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
“Biz ‘Ukraina + Merkezi Aziýa’ dialog platformasyny işe girizmäge gyzyklanýarys. Onuň esasy halkara ulag we logistika baglanyşyklary bolar. Biziň düşünjämize görä, bu format hiç kime garşy gönükdirilmez. Esasy maksat - araçylar bolmazdan göni dialogy güýçlendirmek, özara amaly peýdalary ýüze çykarmak we halklarymyzyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmek” diýip, Sybiha aýtdy.
Ukrainaly syýasatşynas Georgiý Çižow Sybihanyň beýanatyny teswirläp, şeýle dialog meýdançasynyň diňe rus-ukrain konfliktiniň ýiti tapgyry tamamlanandan soň mümkin bolup biljekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, onuň pikirine görä, hyzmatdaşlyk hem Ukraina, hem-de Merkezi Aziýa üçin peýdaly bolup biler. Hususan-da, Ukraina Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Ýewropa täze “köpri” bolup biler diýip hasap edýär.
“Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri Ukraina bilen mümkin boldugyndan az hyzmatdaşlyk etdiler. Bu Russiýanyň pozisiýasy bilen baglydy. Russiýa postsowet ýurtlary üçin uly dogan bolmak isleýärdi we özünden aýlanyp geçýän gatnaşyklara oňyn garamaýardy. Indi bolsa, uruş gutarandan soň Ukraina öň Russiýanyň ýerine ýetirýän käbir funksiýalaryny ýerine ýetirip biler” diýip, Çižow aýtdy.
Gazagystanda bolsa bu teklibi hemmeler birmeňzeş goldamaýar. Syýasatşynas Gaziz Abișew Merkezi Aziýanyň “5 + 1” formatynda hyzmatdaşlyk edýän ýurtlary bilen Ukrainany deňeşdirmegiň nädogrydygyny aýdýar. Häzir şeýle formatlar ABŞ, Russiýa, Hytaý, Ýewropa Bileleşigi we Ýaponiýa bilen işleýär.
Onuň pikiriçe, şol hyzmatdaşlaryň ykdysadyýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetinden has uly. Ukraina bilen beýle tapawut ýok. Hatda diňe Gazagystanyň jemi içerki önümi hem Ukrainanyňkydan ýokary. Üstesine-de, ýurtlaryň ykdysadyýetleri köp ugurda biri-biri bilen bäsleşýär.
“Bu hyzmatdaşlyk mümkinçiligini peseldýär we bäsdeşlik potensialyny artdyrýar. Mesele hem şonda” diýip, Abișew ynamly aýdýar. “Elbetde, Ukraina gazak nebitine we belki-de seýrek ýer metallaryna mätäçdir. Emma Gazagystana Ukrainadan näme gerek? Biz gallany özümiz öndürýäris we hatda eksport edýäris, metaly hem özümiz gazyp alýarys hem-de eredýäris. Kömürimiz bolsa 300 ýyla ýeterlik. Şeýle mysallary ýene-de dowam etdirip bolar”.
Ykdysadyýetçi Aýdar Alibaýewiň pikirine görä, Sybihanyň Merkezi Aziýa barada ýazýan neşire beren interwýusynda iň möhüm zat mazmun däl-de, onuň wagtydyr. Şeýle beýanatlar bilen resmi Kiýew geljekde parahatçylyk döwrüne taýýarlanýandygyny görkezýär.
Alibaýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ukrainanyň uruşdan soňky dikeldiş işlerine işjeň gatnaşyp biljekdigini we munuň hemmeler üçin peýdaly boljakdygyny aýtdy.
“Biz olara nebit satyp bileris, metallary satyp bileris. Ammarlarymyzda bar bolan köp zady hödürläp bileris. Bu birinjiden. Ikinjiden bolsa, Ukraina bilen şu formatdaky hyzmatdaşlyk biziň köpugurly syýasatymyzy has-da güýçlendirýär. Bu halkara arenadaky agramymyzy artdyrýar. Hiç bir döwlet başga ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürmeli däl” diýip, Alibaýew aýtdy.
“Ukraina + Merkezi Aziýa” platformasynyň döredilmeginde möhüm faktorlaryň biri harby tejribe alyşmak bolup bilerdi. Emma häzirki şertlerde beýle alyş-çalyş mümkin däl. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan Moskwa bilen harby-syýasy bileleşik bolan, ştab-kwartirasy Moskwada ýerleşýän Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna girýärler.
Sebitiň bäş döwleti daşary syýasatda köpugurly strategiýa eýerýärler we Russiýanyň Ukraina garşy urşy meselesinde bitarap bolmaga çalyşýarlar. Olar Ukrainanyň territoriýalarynyň anneksiýasyny ykrar etmediler, emma Moskwanyň harby agressiýasyny hem açyk ýazgarmadylar. Sebäbi olar ykdysady we geosyýasy taýdan Russiýa bagly.
Derňewçi žurnalistler Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň soňky dört ýylda Russiýa üçin parallel import we re-eksport boýunça esasy tranzit zolaklaryna öwrülendigini aýdýarlar. Merkezi Aziýa ýurtlary bolsa Kremliniň uruş maşynyna kömek edýändiklerini inkär edýärler. Gyrgyzystan geçen aý Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryna sezewar boldy. ÝB Bişkeke käbir sanly dolandyryşly stanoklary we radio enjamlaryny eksport etmegi gadagan etdi. Sebäp hökmünde olaryň Russiýa geçirilip, dronlar we raketalar öndürmekde ulanylmagy ähtimal diýildi.