Ukraina NATO resmisiniň ýaranlyga girmek üçin territoriýa bermek pikirini ret edýär

Harkowda bolan partlamadan soňky halas ediş işleri

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi we Kiýewdäki ýokary derejeli resmiler NATO-nyň ýokary derejeli resmisiniň NATO agzalygynyň deregine, Russiýa territoriýa bermek bilen, iki ýurduň arasyndaky urşy bes edip boljakdygy baradaky gürrüňini berk ýazgaryp çykyş etdi.

"Biz hemişe, Ukraina ýaly, [NATO] ýaranlygy hem territoriýa söwdasyny etmeýär diýip bilýärdik” diýip, Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Oleh Nikolenko 15-nji awgustda Facebookda ýazdy. Şeýle-de ol bu hili geňeş-maslahatlaryň "Russiýanyň peýdasyna bolup biljekdigini" aýtdy.

Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Oleksi Danilow bolsa, ukrain telewideniýesinde çykyş edip, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň diwanynyň başlygy Stian Jensseniň sözlerini "geň göçüm" diýip atlandyrdy.

"Munuň näme üçin edilendigi örän gümürtik" diýip, Danilow aýtdy.

Jenssen 15-nji awgustda Norwegiýanyň Arendal şäherinde geçirilen panel maslahatynda munuň konflikti soňlamagyň "mümkin bolan çözgüdi" bolup biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de ol Russiýanyň, görnüşinden, “harby taýdan örän uly kynçylyk çekýändigini” we [onuň] “täze territoriýalary alyp bilmeginiň mümkin däldigini” belledi we, şol bir wagtyň özünde-de, NATO-nyň Russiýa bilen gepleşikler babatynda kabul ediljek islendik kararyň Kiýewiň özüne degişli boljakdygy baradaky pozisiýasyny gaýtalady.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski iýul aýynda Wilniusda geçirilen NATO sammitinde Kiýewiň Ukrainanyň basylyp alnan ýerleriniň ählisini azat etmek meselesine ygrarlydygyny we Moskwa bilen baglaşyljak parahatçylyk şertnamasynyň çäginde hiç wagt territoriýa berilmegine razy bolmajakdygyny aýtdy.

Daşary işler ministri Dmytro Kuleba şu ýylyň başynda "Ukraina territoriýalarynyň ýitirilmegine ýa-da konfliktiň doňdurylmagyna degişli teklipleriň hiç birini kabul etmeýär" diýdi.

NATO resmileri Jensseniň aýdan sözleri barada aç-açan düşündiriş bermediler, ýöne birnäçe habar beriş serişdesi harby bileleşigiň içindäki ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, olaryň NATO-nyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini “doly goldaýandygyny” aýdandygyny habar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Jensseniň aýdan sözlerini "belli bir syýasy maksatlary yzarlaýan toslama gürrüň" diýip atlandyrdy we Moskwanyň Ukrainanyň NATO agza bolmak mümkinçiligine garşy durýandygyny tekrarlardy.

Şu aralykda, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin TASS döwlet habar gullugyna interwýu berip, urşuň islendik görnüşde soňlanmagynyň Ukrainanyň “bitaraplygyny”, şeýle-de Kiýewiň “täze territorial hakykatlary ykrar etmegini, Ukrainanyň ýaragsyzlanmagyny we de-nasizasiýa edilmegini, ýurduň rus dilinde gepleýän raýatlarynyň we milli azlyklarynyň hukuklarynyň halkara kanunçylygyna laýyklykda ykrar edilmegini talap etjekdigini” aýtdy.

Russiýanyň öňki prezidenti, häzir Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary bolup işleýän Dmitriý Medwedew telegramda "Kiýew häkimiýetleri [NATO] girmek üçin hatda gadymy Ruslaryň paýtagty Kiýewden hem ýüz öwürmeli bolar" diýip ýazdy.