Ukraina Daniýa we Gollandiýa tarapyndan peşgeş berlen F-16 söweş uçarlaryny diňe öz territoriýasynda ulanyp biler diýip, Daniýanyň goranmak ministri Ýakob Ellemann-Jenseniň 21-nji awgustda aýdandygy habar berildi.
Daniýa we Gollandiýa 20-nji awgustda Ukrainany F-16 söweş uçarlary bilen üpjün etjekdiklerini habar berdiler.
Bu uçarlaryň ilkinji alty sanysy Kiýewe Täze ýyl töwereklerinde gowşurylar.
"Biz ýaragy duşmany Ukrainanyň çäginden kowup çykarmak üçin ulanylan şertinde berýäris" diýip, Ellemann-Jensen aýtdy.
Daniýa jemi 19 uçar iberer. Gollandiýada 42 sany F-16 kysymly uçar bar.