Ukrain goşuny Donetsk sebitiniň Pokrowsk şäheriniň töweregindäki güýçleriniň 21-nji awgustda gaýta-gaýta edilen hüjüme sezewar bolandygyny, rus güýçleriniň bu ýerde böwsüş gazanmak üçin edýän basyşyny güýçlendirýändigini aýtdy.
Ukrain goşunynyň Baş ştabynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Pokrowsk sebitinde bir günüň dowamynda ruslaryň jemi 46 hüjümi hasaba alyndy. Ol hüjümleriň 44-si yzyna serpikdirildi, iki hüjüm bolsa, ýerli wagt bilen agşam sagatlaryna çenli dowam etdirildi.
Şeýle-de, beýanatda aýdylmagyna görä, 21-nji awgustda bir sebitde ruslaryň 238 esgeri öldürildi ýa-da ýaralandy. Ukrainanyň çeken ýitgileri barada maglumat berilmedi, öldürildi diýilýän rus esgerleriniň sanyny anyklamak mümkin däl.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ukrain goşunynyň frontuň iň bir dartgynly ýerleriniň birinde, Pokrowsk töwereginde ýerleşýän güýçlerini güýçlendirip, rus güýçlerine gaýtawul berýändigini aýtdy.
Ukrainanyň wagtlaýyn basylyp alnan ýerlerini gaýtadan birleşdirmek ministrligi Donetsk sebitiniň belli-belli etraplaryndaky, şol sanda Pokrowskdaky çagalary ene-atalary ýa-da beýleki kanuny hossarlary bilen bilelikde mejbury ewakuasiýa etmegi buýurdy.
21-nji awgustda öň hataryň töwereklerinde başga-da onlarça çaknyşyk boldy, olaryň köpüsi yza serpikdirildi, ýöne käbirleri giç agşama çenli dowam etdi diýip, Baş ştab aýtdy.
Russiýanyň Braýansk sebitiniň gubernatory Aleksandr Bogomaz rus güýçleriniň bu sebite girmäge synanyşan ukrain goşunlarynyň öňüni alandygyny aýtdy. Bogomaz girmek synanyşygynyň sebitiň Ukrainanyň Çernihow sebiti bilen serhetleşýän ýerinde, Klimowo etrabynda bolandygyny aýtdy.
"Duşman ot bilen uruldy. Häzirki wagtda çaknyşygyň bolan ýerindäki ýagdaý durnuklaşdy" diýip, Bogomaz Telegramda aýtdy.
Ukraina, ABŞ-da öndürilen ýaraglary ulanyp, rus goşunlarynyň Kursk sebitinde guran ponton köprüsini ýok edendigini aýtdy. Ukrainanyň ýörite güýçleri tarapyndan çap edilen wideoda ruslaryň guran birnäçe ponton köprüsine urlan zarbalar görkezildi. Bu wideo Russiýa Ukrainanyň Seým derýasynyň üstünden geçýän üç köprini ýykandygyny habar bereninden soň peýda boldy.
Söweş meýdanynda gazanylandygy aýdylýan üstünlikler baradaky beýanatlary garaşsyz ýagdaýda barlap, tassyklap bolmady.
Russiýanyň prezident administrasiýasyna we hökümetine ýakyn çeşmeleriň “Meduza” we “Verstka” habar websahypalaryna aýtmaklaryna görä, Kreml Ukrainanyň Kursk sebitine giren güýçleriniň yzyna serpikdirilmegi ugrundaky söweşiň birnäçe aý dowam etjekdigine ynanýar we jemgyýetçiligi bu "täze kadalylyga" taýýarlamaga, öwrenişdirmäge synanyşýar.
Bu habarlar Russiýanyň ukrain goşunlarynyň iki ýurduň serhetleşýän sebitine eden iki hepdelik hüjümini yzyna serpikdirmäge çalyşýan wagtynda geldi. Kiýew goşunlary bu gysga wagtda Russiýanyň 1260 inedördül kilometrden gowrak ýerini alyp, 92 sany oba-şähere gözegçilik edýändiklerini aýtdylar.
Habar serişdeleri ukrain hüjüminiň rus elitasyny "haýran galdyrandygyny", ýöne indi başdaky haýranlygyň geçişendigini we "olaryň bu ýagdaýa öwrenişendiklerini" belledi.
'Täze hakykat'
Şol bir wagtda, Kreml propaganda maşynyny ulanyp, ruslary "täze hakykat" we "täze kadalylyk" şertlerine uýgunlaşdyrmaga synanyşýar diýip, adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen çeşmeler aýtdy.
"Kreml ruslary Russiýanyň çägine giren duşmanyň ‘gutulgysyz ýeňlişe’ sezewar boljakdygyna ynandyrmagy teklip edýär, ýöne ‘sebitleriň yzyna alynmagy üçin wagt gerek bolar we ruslaryň garaşmagy gerek’ diýýär” diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.
Rus elitalary ukrain böwsüşine jogapkär bolan emeldarlaryň işinden çekilmegine garaşýar diýip, çeşme “Maduza” aýtdy.
Ukrainanyň ýolbaşçylary Kiýew goşunlarynyň Kursk sebitinde eden batyrgaý hereketleriniň ukrain raýatlaryny serhet aňyrsyndan atylýan rus toplaryndan goramak, Russiýanyň içinde bufer zonasyny döretmek niýetinden ugur alandygyny birnäçe gezek aýdyňlaşdyrdy.