Ukrain goşuny 22-nji awgustda öz güýçleriniň, iki aýlap dowam eden gazaply söweşden soň, günortadaky strategiki obany azat edendigini, Russiýanyň ukrain sebitlerine edýän raketa we pilotsyz uçar hüjümlerini dowam etdirip, azyndan bir adamyň ölmegine, birnäçe adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.
Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar ukrain goşunlarynyň 22-nji awgustda Zaporižýa sebitindäki Melitopol şäherine barýan möhüm ýoluň ugrundaky Robotine obasyny azat edendigini aýtdy.
"Krymyň derwezesi" diýlip atlandyrylýan Melitopol, birnäçe gün dowam eden agyr söweşlerden soň, geçen ýylyň mart aýynda rus goşunlarynyň gözegçiligine alyndy.
"47-nji brigadanyň esgerleri söweşip, Robotine girdiler" diýip, Malýar telegramda ýazdy.
47-nji brigada gözleri ýaşdan doly aýallaryň öz esgerlerini garşy alyşlaryny görkezýän wideony ýaýratdy we obadaky asuda ilaty ewakuasiýa etmegi gurnaýandygyny aýtdy.
Amerikan urşy öwreniş instituty (ISW) ukrain goşunlarynyň 20-21-nji awgustda RobotinEde "möhüm taktiki üstünlikleri" gazandyklaryny tassyk etdi.
Eger ukrain güýçleri ileri süýşüp, iki möhüm awtoulag ýolunyň we esasy demir ýol merkeziniň çatrygynda ýerleşýän Melitopoly yzyna alsalar, bu şäheri tutuş Zaporižýa sebitini azat etmek üçin plasdarm, amatly ýer hökmünde ulanyp bilerler.
Ukrainanyň harby we sebit işgärleri 22-nji awgustda Russiýanyň Çernihowe, Zaporižýa, Krywiý Rihe we Kupýanska pilotsyz uçar we raketa zarbalaryny urandygyny habar berdiler.
Russiýanyň Goranmak ministrligi, paýtagtdaky üç howa menziliniň wagtlaýyn ýapylmagynyň arasynda, öz güýçleriniň Moskwa we Brýansk sebitlerine edilen dron hüjümleriniň öňüni alandygyny aýtdy. Emma uçar mesnzilleriniň uçulary togtatmagynyň sebäbi görkezilmedi.
Demirgazykdaky Çernihow şäherinde rus toplary bir adamyň ölmegine sebäp boldy diýip, sebit häkimi Wýaçeslaw Çaus aýtdy. 19-njy awgustda Russiýanyň bu şähere uran raketa zarbasynda azyndan ýedi adam, şol sanda bir çaga öldi, 129 adam ýaralandy.
Şeýle-de, Russiýanyň 22-nji awgustda Krywiý Rihe eden raketa hüjüminde bir adam ýaralandy, 20 bina zyýan ýetdi diýip, Dnipropetrowsk sebitiniň häkim Serhiý Lysak telegramda aýtdy.
Mundan başga, Russiýa öten agşam günortadaky Zaporizhýa şäherine hem hüjüm etdi, ýöne bu hüjümden zyýan çekilse-de, adam pidasy bolmady diýip, Zaporizýa şäher geňeşiniň sekretary Anatoliý Kurtew aýtdy.
"Öten agşam duşman Zaporižýa ýene hüjüm etdi. Partlama tolkuny netijesinde dört sany beýik bina zyýan ýetdi" diýip, Kurtew telegramda ýazdy. Rus goşunlary Zaporižýa birnäçe gezek hüjüm etdiler diýip, ol aýtdy.
Rus goşunlary öten agşam gündogar Harkow sebitindäki Kupýansk we Wowçansk şäherlerini topa tutdy diýip, sebit häkimi Oleh Siniehubow 22-nji awgustda aýtdy.
"Ýaşaýyş jaýlarynyň dört sanysy zaýalandy we ýykyldy" diýip, Siniehubow telegramda bir aýalyň ýeňil ýaralanandygyny hem habar berdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 22-nji awgustda öten agşam Ukrainanyň Moskwa we Braýnsk sebitlerine hüjüm eden dört dronyny urup ýykandygyny, rus uruş uçarynyň bolsa Gara deňizdäki rus gaz önümçilik desgalarynyň töwereginde görnen "ukrain gözleg gämisini" hatardan çykarandygyny aýtdy. Emma bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.
Söweş meýdanyndan berilýän habarlarda Ukrainanyň gündogaryndaky we günortasyndaky agyr söweşleriň dowam edýändigi aýdylýar.
Ukrain goşunynyň baş ştaby gündogardaky Donetsk sebitiniň agyr söweşleriň merkezine öwrülen Baghmut şäherindäki rus hüjüminiň yzyna serpikdirilendigini habar berdi. Bu şäher maý aýynda, birnäçe aýa çeken agyr söweşlerden soň rus güýçleriniň gözegçiligine geçdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski diplomatik frontda, 22-nji awgustda serb kärdeşi Aleksandar Wuçiç bilen "açyk, dogruçyl we netijeli duşuşyk" geçirendigini aýtdy.
"BMG-niň Düzgünnamasyna hormat goýmak we serhetleriň eldegrilmesizligi barada gowy söhbetdeşlik boldy. Biziň milletlerimiziň umumy Ýewropa öýündäki umumy gelejek barada. Gatnaşyklarymyzy ösdürmek barada, bu biziň özara bähbidimize gabat gelýär" diýip, Zelenski X sosial media platformasynda ýazdy.
Russiýanyň aňyrdan gelýän ýarany bolan Serbiýa Ukraina uly goşun çeken Moskwa garşy girizlen Günbatar sanksiýalaryna goşulmak babatynda ÝB tarapyndan edilen basyşlara garşylyk görkezdi.
Bu duşuşyk Afinyda geçirilen Ukraina-Balkan sammitiniň çäginde boldy.