Russiýanyň harby güýçleri öten agşam Ukraina ýene bir pilotsyz uçar hüjümini gurady, Ukrainanyň howa güýçleri 12-nji fewralda howa goragy ulgamlarynyň 17 pilotsyz uçaryň 14-sini, şeýle-de Kh-59 ganatly raketasyny ýok edendigini habar berdi.
Şeýle-de, Howa güýçleri rus goşunynyň uzak aralyga ýetýän S-300 ýer-howa raketalaryny atandygyny aýtdy, ýöne olaryň sany, niýetlenen nyşanasyna gelip urandygy ýa-da urmandygy barada hiç zat aýtmady.
Ukrainanyň demirgazyk-gündogar sebitiniň gubernatory, Harkow sebitiniň häkimi Oleh Synehubow 11-nji fewralda Russiýanyň öz sebitine iki ýurduň araçäk sebitinden, Russiýanyň ukrain serhhediniň golaýynda ýerleşýän Belgorod sebitinden raketa hüjümini edendigini aýtdy.
Deslapky maglumatlara görä, Synehubow bu hüjüm netijesinde ölen adamyň bolmandygyny, ýöne ýaşalmaýan jaýlaryň käbirne zyýan ýetendigini aýtdy.
Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Serhiý Lisak Russiýanyň 11-nji fewral güni giçlik sebitiň Pawlohrad şäherine pilotsyz uçarlar bilen hüjüm edendigini aýtdy. Pida bolan bolmady, ýöne şäheriň käbir bölekleri elektrik üpjünçiliginden kesildi diýip, häkim aýtdy.
Rus goşunynyň soňky dron hüjümi ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň, basym üçünji ýylyna girjek urşuň arasynda, öz uruş kabinetiniň agzalaryny täzelemegini dowam etdirýän wagtynda guraldy.
Täze wezipä bellenen beýleki adamlaryň arasynda, Kiýew 11-nji fewralda goranmak ministriniň birinji orunbasary wezipesinden boşadylan Oleksandr Pawlýugyň Ukrainanyň gury ýer güýçleriniň täze serkerdesi boljakdygyny habar berdi.
Bu wezipäni ozal 8-nji fewralda general Waleriý Zalužniniň ýerine Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi wezipesine bellenen polkownik general Oleksandr Syrskiý eýeleýärdi.
Waşingtonda, 11-nji fewralda geçirilen seýrek hepde aýagy mejlisinde Senat Ukraina, Ysraýyla we beýleki ýurtlara beriljek 95,3 milliard dollarlyk kömek bukjasyny ýerinden gozgamak üçin 67 sesiň goldamagynda, 27 sesiň garşy durmagynda ses berdi.
Söweş meýdanyndaky ýetmezçilikleriň arasynda, bu bukja Ukraina iberiljek ABŞ-da öndürilen goranyş enjamlaryny, şol sanda ok-därileri we howa goranyş ulgamlaryny satyn almak üçin niýetlenen 60 milliard dollary, Kiýewdäki hökümet üçin zerur bolan 8 milliard dollary we beýleki kömekleri öz içine alýar.
Häkimiýetler bu kömek bukjasynyň Russiýanyň çozuşyndan özüni goraýan ýurda gaty zerurdygyny aýdýarlar.
Senat bu bukjany kabul eden ýagdaýynda hem, onuň Wekiller öýünde kesgitlenjek geljegi düýbünden näbelli bolup galýar.