Ukraina, Russiýa ýüzlerçe uruş ýesirini azat etdi

Kiýew häkimiýetleri 230 ukrain raýatynyň rus ýesirliginden boşadylandygyny aýtdy.

Agyr howa hüjümleriniň arasynda, Russiýa we Ukraina, Birleşen Arap Emirlikleriniň araçylyk etmeginde, ýüzlerçe uruş ýesiriniň alyş-çalyş edilmegini tamamlady.

Kiýew häkimiýetleri 3-nji ýanwarda 230 ukrain raýatynyň rus ýesirliginden boşadylandygyny, Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa 248 russiýalynyň Ukraina tarapyndan azat edilendigini aýtdy.

Ministrlik ýesirleriň azat edilmeginiň “Birleşen Arap Emirlikleriniň gumanitar araçylyk etmegi netijesinde mümkin bolandygyny" aýtdy.

BAE-niň Daşary işler ministrligi ýesirleriň boşadylmagynda oýnan roluny tassyklady we bu işiň Moskwa we Kiýew bilen aradaky "berk dostluk gatnaşyklary" netijesinde mümkin bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý ozal twitter diýlip bilnen X platformasynda "bu netijäni gazananlaryň ählisine minnetdarlyk" bildirdi. Onuň paýlaşan wideosynda azat edilen tussaglaryň awtobusdan düşüp, egindeş esgerleri we ýakynlary bilen gujaklaşyp görüşýän pursatlary görkezildi.

Prezident tussaglary alyşmagyň uzak wagt bäri togtadylandygyna garamazdan, bu ugurdaky “gepleşikleriň hiç wagt kesilmändigini” aýtdy.