Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamy Russiýanyň öten agşamyň dowamynda atan Eýranda öndürilen dronlaryň 17-nden 10-ny atyp urdy. Bu barada Ukrainanyň Harby howa güýçleri 5-nji dekabrda Telegram kanalynda maglumat ýerleşdirdiler.
“Ukrainanyň territoriýasyna Şahed kysymly 15 dron we S-300 kysymly alty sany dolandyrylýan raketa atyldy” diýip maglumatda aýdylýar, şeýle-de 10 dronuň dürli regionlaryň üstünde urlandygy bellenilýär.
Maglumatda hüjümiň netijesinde adam ýitgileriniň we weýrançylygyň bolup-bolmandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.