Ukraina Russiýanyň atan 22 dronunyň 17-sini urdy

Illýustrasiýa suraty

Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş gulluklary 17-nji martda irden Russiýanyň ýurduň ençeme regionyna atan 22 dronunyň 17-sini urup düşürdiler. Bu barada ukrain harbylary mälim etdi.

Dronlar Ukrainanyň dokuz regionynyň üstünde urlupdyr, mundan başga-da Russiýanyň güýçleri Harkiw we Symy sebitlerine garşy ýedi sany raketany hem atypdyrlar.

Harbylar hüjüm bilen bagly dörän heläkçilik ýa-da weýrançylyk barada maglumat bermediler. Emma ýerli resmiler Sumy regionynyň Konotop şäherinde raýat infrastrukturasyna zeper ýetendigini aýtdylar.