Ukraina Russiýanyň Harkiwe atan dronlaryny urdy

Dron (arhiw suraty)

Ukraina 20-nji maýda irden Russiýanyň ýurduň Harkiw sebitine atan 29 sany Şahed kysymly dronunyň ählisini urup düşürendigini aýdýar.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleri Russiýanyň “Iskander-M” kysymly ganatly raketany hem atandygyny mälim etdi, emma onuň öňüniň alnyp-alynmandygyny takyklaşdyrmady.

Dronlar Ukrainanyň Odesa, Mykolaýiw, Poltawa we Lwiw sebitleriniň üstünde uruldy diýip, harbylar maglumat berdiler.