Ukraina Russiýanyň Kiýew sebitine, Harkowa we Dnipra eden zarbalary, adam ýitgileri barada habar berýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Russiýa Ukrainadaky hüjümlerini dowam etdirdi; Kiýew sebitine, Harkowa we Dnipra amala aşyrylan zarbalaryň netijesinde azyndan bäş adam, şol sanda Azerbaýjanyň bir raýaty öldi, onlarça adam, şol sanda 10 çaga ýaralandy.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Moskwa tarapyndan ýurduň ikinji uly şäheri bolan Harkowdaky köpgatly ýaşaýyş jaýyna edilen "rehimsiz zarbany" ýazgardy.

Zelenskiý "X" sosial ulgamyndaky ýazgysynda: "Kiýew sebitinde iki adam öldi, olaryň biri Azerbaýjanyň raýatydy" diýip belledi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi öz raýatynyň heläk bolandygyny tassyklady we Kiýewdäki ilçihananyň onuň jesedini watanyna ugratmak üçin konsullyk kömegini berýändigini mälim etdi.

28-nji sentýabrda şäher häkimi Igor Terehowyň habar bermegine görä, Russiýanyň Harkow şäherine eden gijeki hüjüminiň netijesinde azyndan 35 adam, şol sanda 10 çaga ýaralanypdyr.

Terehow Russiýanyň dolandyrylýan howa bombasynyň köpgatly ýaşaýyş jaýyna düşendigini aýtdy.

Soňra ol gözleg-halas ediş işleriniň tamamlanandygyny we ýanan jaýyň galyndylarynyň aşagyndan hiç kimiň tapylmandygyny, şol bir wagtda şäher gulluklarynyň we Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň hüjümden soň dörän galyndylary arassalamagy dowam etdirýändigini mälim etdi.

Harkowda zeper ýeten ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýjysy Ýuriý iti bilen daşarda galdy. Ol Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Ähli penjireleriň aýnalary partlamanyň güýjünden ýarylyp gitdi we ramalary zaýalandy". Ol hüjüm pursadyny ýatlap: "Aýalymy we itimizi halas etmelidi – alada etmäge wagtym ýokdy" diýip sözüne goşdy. Ol zeper ýeten penjireleri plastik örtük bilen ýapyp, ýaşaýyş jaýynda galjakdygyny aýtdy.

"Indi näme boljagyny göreris" diýip, ol belledi.

Sebit häkimiýetleri 28-nji sentýabrda başga bir hüjüm barada habar berdiler; oňa görä, Russiýanyň Dnipro şäheriniň merkezine edilen zarba edara binasyna degip, ýangyna sebäp bolupdyr.

Dnipro sebitiniň häkimi Aleksandr Hanža hüjümiň netijesinde üç adamyň heläk bolandygyny we azyndan 12 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Hanza bu wakanyň bolan ýerindäki ýagdaýyň suratlaryny "Telegram" arkaly paýlaşdy we şeýle ýazdy: "Bu Dnipronyň merkezi, iş gününiň ortasynda bu ýerde ýüzlerçe adam bolýar. Russlar hut şu ýere zarba urdular. Üç adam öldi. Olaryň ömri duşmanyň hüjümi bilen kesildi".

Soňky hüjümler tapgyry, Russiýanyň 27-nji sentýabrda amala aşyran we ýurt boýunça sekiz adamyň ölümine sebäp bolan başga bir giň gerimli hüjüminden bary-ýogy bir gün soň amala aşyryldy.

Zelenskiý 27-nji sentýabrda halka eden agşamky ýüzlenmesinde, bu hüjümleriň Russiýanyň urşy bes etmäge hiç hili isleginiň ýokdugyny görkezendigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, "ASTRA" gözegçilik Telegram kanalynyň OSINT seljermesine görä, Ukraina Russiýanyň günortasyndaky Krasnodar sebitinde nebit bazasyna zarba urup, uly ýangynyň döremegine sebäp bolupdyr.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy (SBU) Russiýanyň Krasnodar sebitinde gijeki hüjümiň bolandygyny tassyklap, öz güýçleriniň rus goşunlarynyň üpjünçiligi üçin ulanylýan ýangyç infrastrukturasyny nyşana alyp, dört sany nebit bazasyna zarba urandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň harby bölümleri 28-nji sentýabrda beren habarynda, ýurduň gorag güýçleriniň Donetsk sebitiniň demirgazygynda ýene-de üç obany azat edendigini aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bu barada entek hiç hili düşündiriş bermedi; emma ministrlik öňräk öz güýçleriniň gijäniň dowamynda Ukrainanyň logistika, aragatnaşyk we port infrastrukturasyna hem-de gämilerine zarba urandygyny habar beripdi.