Pokrowsk şäherinde Russiýanyň bir gün öň eden raketa hüjüminden ölenleriň sanynyň azyndan ýedi adama ýetmegi, ýaraly bolanlaryň 70-e golaý bolmagy bilen, Kiýew 8-nji awgustda Ukrainanyň ýurduň günorta-gündogarynda rus güýçlerine garşy alyp barýan garşylykly hüjüminiň dowam etdirilýändigini aýtdy.
Ukrain goşunlary Zaporižýa sebitiniň Berdiýansk we Melitopol ugurlarynda Russiýanyň basybalyjy güýçlerine garşy edýän hüjümlerini dowam etdirýär diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdylýar.
Ukrain güýçleri geçen günüň dowamynda rus goşunynyň “harby gullukçylarynyň, ýaraglarynyň we harby enjamlarynyň jemlenen ýerlerine” dokuz gezek zarba urdy diýip, hasabatda aýdylýar.
Ukrain goşunlary 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan giň gerimli urşuň dowamynda hüjüm edýän rus goşunlarynyň garşysynda köplenç goranyşda bolupdy, emma şu tomus olar garşylyklaýyn hüjüme başladylar.
Rus güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda ýedi sany raketa atdylar we 42 howa zarbasyny urdular diýip, hasabatda aýdylýar.
Ukrainanyň Içeri işler ministrligi 7-nji awgustda beren maglumatyny täzeläp, Russiýanyň Donetsk sebitiniň Pokrowsk şäherine eden raketa hüjüminiň azyndan ýedi adamyň ölmegine we 67 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.
Ministrligiň maglumatyna görä, ýaraly bolanlaryň arasynda 29 polisiýa işgäri, iki halas ediji we iki çaga hem bar.
Ministrligiň sosial ulgamlarda ýerleşdiren suratynda ýokarky gaty doly ýykylan, erbet zyýan ýeten ýaşaýyş jaýy görünýär. Şeýle-de, suratda üýşüp ýatan beton harabalary görünýär.
Sebit resmileri 7-nji awgustda Pokrowsk şäherine iki sany raketa zarbasynyň urlandygyny we olaryň ýaşaýyş, dolandyryş binalaryna, myhmanhana, naharhana, dükanlara zyýan ýetirendigini aýtdylar. Olaryň tassyklamagyna görä, ikinji zarba birinji zarbadan takmynan 40 minut soň uruldy.
Şu aralykda Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy 7-nji aprelde bir rus agentini tussag edendigini, onuň prezident Wolodymyr Zelenskiniň iýul aýynda ýurduň günortasyna eden sapary barada maglumat ýygnandygyny mälim etdi. Şeýle-de, ol adamyň Ukrainanyň harby desgalary barada toplan maglumatlaryny Russiýa geçirmäge synanyşandygy aýdylýar.
Howpsuzlyk gullugynyň habarynda aýdylmagyna görä, bu aýal 27-nji iýulda, Zelenskiniň port şäheri Mikolaýawa sapar edýän wagtynda “howa hüjümi üçin maglumat ýygnapdyr".
Tussag edilen aýal Ukrainanyň ýerli harby bölümleriniň birinde esgerlere haryt satýan goşun dükanynda işläpdir we, eger günäli tapylsa, 12 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner diýip, howpsuzlyk gullugy aýtdy.
Soňky gelip gowşan maglumata görä, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy 8-nji awgustda Ukraina üçin 200 million dollarlyk täze ýarag kömegini yglan eder.
ABŞ resmileriniň “Roýters” habar gullugyna aýtmaklaryna görä, Pentagonyň hasap ýalňyşlygynyň üstüni açylmagy bilen, Kiýewe berlen harby kömegiň artyk hasaplanandygy belli boldy we şu sebäpden indi Ukraina berilmedik 6,2 milliard dollarlyk serişde berlip başlanar.