Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukraina Eýranda öndürilen 21 sany dron, Kh-59 kysymly üç sany raketa bilen hüjüm etdi. Bu barada Ukrainanyň Harby howa güýçleri 29-njy noýabrda irden habar berdiler.
“Duşmanyň hüjüm dronlarynyň ählisi Odesa, Dnipropetrowsk, Kiýew, Herson, Zaporižýa we Hmelnytskiý regionlarynyň üstünde ýok edildi. Şeýle-de dolandyrylýan iki sany raketa Mykolaýiw regionynda uruldy. Üçünjisi goýlan maksadyna ýetmedi” diýip, Harby howa güýçleriniň beýanatynda aýdylýar.
Bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak mümkin däl.
Adam ýitgileri ýa-da heläkçilik barada maglumat berilmedi.