Ukrainanyň Döwlet derňew býurosy 10-njy oktýabrda öz işgärleriniň goranmak ministriniň ozalky orunbasaryna we ministrligiň öňki bölüm başlygyna ogurlykda güman edilýändiklerini resmi taýdan habar berendigini aýtdy.
Güman edilýän erkekleriň şahsyýetleri aýan edilmedi. Döwlet derňew býurosynyň beýanatyna görä, bu adamlar beden goraglaryny satyn almak üçin bölünip berlen 250 million griwniýany (6,780 000 dollar) ogurlamakda güman edilýär.
Güman edilýän iki adamyň häzirlikçe hiç bir düşündirişi ýok.
Fewral aýynda goranmak ministriniň ýene bir öňki orunbasary tussag astyna alyndy.
Aýdylmagyna görä, ol ýaragly güýçler üçin pes hilli ok-däri satyn almagyň wagzyny etmekde aýyplanýar.