Bir maşgalanyň gaýgyly ýyly

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Bu Halyna Trofanýuk üçin başagaýly bir ýyl boldy. Ýylyň başynda ol Ukrainanyň gündogaryndaky kicijik obasyndan Kiýewe gidip, sowuk howa we howpsuzlyk güýçleriniň rehimsizligine garamazdan, protestlere gatnaşdy. Bu ädim onuň Ukrainadaky syýasy dramanyň merkezine düşmegine sebäp boldy, şahsy durmuşyna hem öz täsirini ýetirdi, onuň tapan we ýitiren zatlary hem boldy. Maýdanda Halynanyň agtygy doguldy. Emma bu çaganyň gelejegi nähili bolar? Halyna optimistik däl we protestlere goşulanyna häzir käte gynanýandygyny aýdýar.