Aýallar uruşda: Ukrainanyň aýal harby gullukçylary azatlyk isläp, diri galmak üçin göreşýärler

Ukraina Goranmak ministriniň orunbasarynyň aýtmagyna görä, ýurduň ýaragly güýçlerinde, Ýewropada iň köp aýal gulluk edýär.

Russiýanyň Ukraina basyp girmegi ýurduň ýaragly güýçlerinde zenanlaryň ähmiýetini ýokarlandyrdy. Olaryň köpüsi wezipe basgançagyndan çykyp, öň «aýallar ýeri däl» diýlip pikir edilýän ýerde, goşundaky wezipelerini pugtalandyrdy.

Ukrainadaky zenan harbylarynyň iň uly guramasy bolan "Aýallaryň weteranlar hereketi" edarasyna gelenleriň ilki gözüne ilýän zat basylyp goýlan birtopar gara haltalar. Haltalar jesetleri ýygnamak üçin gerek bolýar.

Boş haltalar Donetsk oblastynyň Bahmut şäherine ibermäge taýýar edilipdir, ol ýerde eýýäm birnäçe aý bäri gandöküşikli söweşler dowam edýär. Bu işlere jogap beriji Ýelena Harçenko: "Bu biziň her gün diýen ýaly edýän işimiz" diýýär.

«Biziň hereketimiz aýal harby gullukçylaryň we aýal-gyzlardan bolan uruş weteranlarynyň hukuklaryny goramak üçin döredildi. Russiýanyň giň derejeli çozuşlary bizi mümkin boldugyndan, goşuny netijeli goldamaga mejbur etdi" diýip, guramanyň başlygynyň orunbasary Katerina Priýmak aýdýar.

Ofisdäki uzyn koridoryň ugry birnäçe ammarlardan ybarat bolup, olarda harby we gumanitar ýükler saklanýar, dron öndürýän ussahanalar, gorag torlary örülýän otaglar hem meýletinçileriň aýallara harby egin-eşik tikýän örän uly tikin ussahanasy bar. Bularyň ählisiniň diýen ýaly harby gullukçylara, ilkinji nobatda-da aýallara iberilýändigini Harçenko aýdýar.

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýaryň sözlerine görä, ýaragly güýçleriň hatarynda 50 müňe golaý aýal gulluk edýär, şol sanda olardan bäş müňe golaýy frontuň öň hatarynda bolup, munuň özi Ukrainanyň Ýaragly Güýçlerini Ýewropanyň iň köp aýal goşunlarynyň birine öwürýär.

«ŞEÝLE WEZIPE BARWATANY GORAMAK»

Kiýewiň gündogaryndaky Donetsk oblastynyň Ýatskowka obasynda, leýtenant Lýubow Plaksýuk nobatdaky söweşe taýýarlanýar.

Plaksýuk Ukrainanyň goşunynyň artilleriýa bölümine ýolbaşçylyk eden ilkinji aýaldyr. Ol urşuň başyndan bäri söweşlere gatnaşýar. 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda onuň bölümi ruslar tarapyndan "dyngysyz umumy bombalama" diýip atlandyrylan zarbanyň aşagyna düşüpdir.

Plaksýukyň Azatlyga aýtmagyna görä, ukrainalylaryň yzyna gaýtaryp aljak bolýan, esasy gatnaw merkezi bolan Kreminnanyň töweregindäki ýagdaý örän dartgynly.

"Goşun sanynda-da, ýaraglarynda-da artykmaçlyk bolansoň, olaryň nähili ýarag ulanýandygyna garamazdan, beýle duşmana garşy göreşmek kyn" diýýär.

Geçen güýzde Plaksýuk Donetsk oblastynyň möhüm demir ýol nokady bolan Limany we beýleki ilatly ýerleri azat etmäge gatnaşdy. Häzir ol artilleriýa razwedkasyna jogap berýär.

«Biz kiçijik “guş” uçurýarys, olar biziň görüp biläýjek ýerimizden, uzaklara uçup bilýär. Biz kime “sowgat” gerekdigini gözleýäris hem duşmanlary ýok edýäris» diýip, dronlar we artilleriýa bilen baglanyşykly gündelik işleri barada aýdýar.

Mekdepde taryh mugallymasy bolan Plaksýuk mundan ýedi ýyl öň mekdep ýapylandan soň, harby gulluga gitmek arzuwyny amala aşyrmagy ýüregine düwüp, harby gulluga gelipdir.

«Şeýle wezipe bar – Watany goramak, bu meniň häzirki edýän işim» diýip, ol düşündirýär.

Leýtenant Lýubow Plaksýuk

Plaksýuk öz bölüminde iki aýaldan biridir. Bu ýerde jynsy tapawudyň «ähmiýeti ýok» diýýär. Şeýle-de, öz garamagynda bolan erkekleriň özüne hem professional ukybyna "doly hormat goýýandygyny" sözüne goşýar.

«DURMUŞ MENI MUŇA TAÝÝARLAMANDY»

Polşanyň araçägindäki Ustilug şäherinde, 26 ýaşly serhetçi Alina Panina gulluk iti bilen gümrük barlagyny geçirýär.

Panina itler bilen işleşmegiň hemişe gyzykly bolandygyny Azatlyga gürrüň berdi. Şeýle hem ol çagalykdan harby hünäri arzuw edipdir. Ýöne Plaksýukdan tapawutlylykda, urşuň jümmüşine düşerin diýip, hiç wagt garaşmandyr. «Durmuş meni muňa taýýarlamandy» diýip, ol aýdýar.

Fewral aýynda Russiýanyň doly möçberli çozuşlary başlananda, ol Azow deňziniň kenarynda ýerleşýän Mariupol şäherinde eken. Panina deňiz portunda işläp, kontrabanda garşy ýükleri barlapdyr.

Ilkinji rus raketalary Mariupola düşüp başlanyndan, oňa polat öndüriji kiçi “Azowmaşy” goraýjylara birikmegi buýurýarlar. Soňra gabalan “Azowstalda” galýar. Rus goşunlary Ukrainanyň garşylyk görkezýän soňky berkitmesini ýok edýärkä, ol söweşijileri goldapdyr, olar üçin nahar taýýarlapdyrlar hem beýleki aýallar bilen bilelikde, ýaraly bolanlaryň aladasyny edipdirler.

«Olar biziň öz umytlaryny ýagtylandyrýandygymyzy aýdýardylar» diýip, Alina ýatlaýar.

Maý aýynyň ortasynda Panina Ukrainanyň ýüzlerçe harbylarynyň arasynda, “Azowstalyň” ýerasty ötüklerinde birnäçe hepdeläp gaçybatalgada bolansoň, rus goşunlarynyň buýrugy bilen daşary çykýarlar. Soňra Panina dört ýarym aý tussaglykda saklanýar. Ol türme örän gözgyny bolup, ruslaryň garamagyndaky Ýelenowka obasynda ýerleşýärdi, iýul aýynda bolan terrorçylykly hüjümde, şol ýerde saklanýan onlarça harby ýesirler öldürildi. Ony dört adama niýetlenen kamerada 28 aýal bilen "adam çydamaz" şertlerde, "daşky dünýäden üzňelikde" saklapdyrlar.

Alina Panina özüniň gulluk iti bilen

Oktýabr aýynda Panina we beýleki 100-den gowrak ukrain aýallary uruş ýesirleriniň uly alyş-çalşygynda boşadyldy. Gözi bagly halda, Orsýetiň we Krymyň territoriýasyndan köp günlük ýol geçip, ahyry öz öýüne gelýär. Onuň adamsy hem harby gullukçy, häzir ol Russiýada ýesirlikde saklanýar.

«Men öňküdenem has çydamly hem güýçli boldum, ýöne men her gün öz ýoldaşlarynyň ölüp ýatanyny görende, erkekleriňem aglaýandygyny bildim» diýip, Panina aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, gysga rugsatdan hem medisina-bejeriş hyzmatyndan soňra, ýene-de harby gulluga dolanmagy ýüregine düwüpdir. Ol "ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin" güýjünde bar gaýraty etmek isleýändigini aýdýar.

AZAPLY ÝOL

Ukrainanyň Kiýewdäki "Aýallaryň weteranlar hereketi" edarasyna söweşiň öň hataryndan iki esger – bir erkek bilen aýal gelipdirler. Olar harbylar üçin toplanan kömegi almaly eken.

Olar gerekli zatlaryndan daşary harby aýallar üçin, hyzmatdaş guramalar tarapyndan berlen sowgatlary-da aldylar, olaryň arasynda, dümewiň öňüni alyş serişdeleri, dürli dermanlar, sowuga gaşy kremler, çygly süpürgiçler hem sarag üçin hasa ýaly serişdeler bar. Her toplum zadyň üstüne Ýelena Harçenko elde örülen harby eşikdäki gurjagy goşýar.

"Ukraina uly tizlik bilen öňe barýar. Biz rus hüjümine garşy durup biljekdigimizi subut etdik, emma bu biziň basymrak ýeňiş gazanmagymyz üçin ýeterlik däl" diýip, Katerina Priýmak aýdýar.

Katerina Priýmak «Aýallaryň weteranlar hereketiniň» başlygynyň orunbasary

Priýmak bary-ýogy 21 ýaşly wagtynda, meýletin medisina batalýonyna ýazylýar hem 11 aýlap frontda öňdäki hatarda feldşer bolup gulluk edýär.

Donbasdaky uruş başlanda, korrupsiýa doly batan ukrain goşuny ilkinji gerek bolýan esasy zerurlyklardan mätäçlik çekýär. Başga-da köp kynçylyklar bolupdyr. Köplenç halatlarda harbylar aýallara açyk gahar-gazaply garaýardy diýip, Priýmak ýatlaýar.

«Biz hemişe: "uruş – aýallaryň ýer däl", "gowusy çagaňyz bilen öýde oturyň" ýa-da "aýal ölende, bar adam söweş ruhuny ýitirýär" ýaly jümleleri eşitdik» diýip, ol ýatlaýar.

Frontuň öň hataryndan geren harbylar «Aýallaryň weteranlar hereketi» tarapynda taýýarlanan sowgatlary kabul edýärler.

2018-nji ýyla çenli Ukrainanyň kanunçylygy aýallaryň söweşjeň wezipelere bellenmegine rugsat bermeýärdi diýip, sosiolog Anna Kwit aýdýar. Ol 2015-nji ýyldan bäri öz kärdeş topary – adam hukuklary boýunça "Görünmeýän batalýon" taslamasynyň işgärleri bilen bilelikde, ukrain harby aýallarynyň meselelerini öwrenýär.

Netijede, onuň Azatlyga gürrüň bermegine görä, meýletinçileriň arasynda gyzlar hatda mergen, granatomýot atyjy, razwedka gidiji ýa-da top atyjy hökmünde söweşlere gatnaşsalar-da, aşpez, tam süpüriji ýa-da hasapçy bolup işlemäge ýazylýan eken.

Hukuk kemsidilmesi, Kwitiň aýtmagyna görä, aýallaryň köpüsini Donbasdaky urşa gatnaşmakdan, sosial ýa-da harby ýardamlary almakdan, ýaragly güýçlerde wezipe eýelemek mümkinçiliginden mahrum edipdir.

Esasan adam hukuklaryny goraýjylaryň kömegi we raýat jemgyýetiniň basyşlary netijesinde, ýuridiki-hukuk kemsidilmeler aradan aýrylsa-da, häzir hem köp kynçylyklar galýar, täze kynçylyklar ýüze çykýar diýip, ol aýdýar.

Golaýda Ukrainanyň Herson sebitindäki garşylykly hüjümlerde iki hepdeläp medisina işgäri bolup gulluk eden Priýmak häzir harby gullukda bolýan aýallaryň esasy üns merkezinde durýandygyny belleýär.

«JEBIR-JEPALARYŇ IÇINDEN GEÇMEK»

Kwitiň aýtmagyna görä, goşunda aýallaryň ýagdaýynyň kem-kemden üýtgändigine garamazdan, Ukrainanyň kanunçylygynda henizem jynsy azar bermeklige takyk kesgitleme berlenok, goşunda oňa garşy göreşmegiň ýerlikli usullary ýok we henizem ýeterlik derejede habar berilmeýär.

Ukrainanyň Guryýer Goşunlarynyň baş serkerdeliginiň gender maslahatçysy Oksana Grigoriýewanyň Azatlyga aýtmagyna görä, giň möçberli rus çozuşlary başlanaly bäri, ol iki sany zorluk ýa-da jynsy kemsidilme ýagdaýy barada habar alypdyr. Nähili-de bolsa, bu sanlaryň hakyky ýagdaýy dogry görkezýändigini aýdýar.

"Frontda kemsidilme ýok. Harby gullukdaky aýallar erkekleri iň gowy häsiýetlerini aýan etmäge mejbur edýärler" diýip, ol sözüne goşýar.

Häzir Ukrainanyň Ýaragly Güýçlerinde 50 müňe golaý aýal gulluk edýär, şol sanda olardan bäş müňe golaýy söweşiň öň hatarynda.

Grigoriýewanyň aýtmagyna görä, häzir olaryň tagallalarynyň köpüsi rus harbylary tarapyndan azat edilen territoriýalarda jynsy zorlugyň netijelerini ýeňmäge gönükdirilendir. Şeýle hem lapykeçlikden soň döreýän agyr ruhy näsazlygy bejermek, şol sanda ruslarda ýesirlikde bolanlara, uruşda wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna goldaw bermekden ybarat.

"Goşunda aýallaryň orny ýok diýilýän ynanç – sowetler döwründen galan düşünje. Aýallar ýaragly güýçleriň ähli derejelerinde uly mümkinçilik" diýip, Grigoriýewa belleýär.

Priýmak bolsa şeýle hasap edýär, eger-de "ukrain zenanlary öz hukuklary ugrunda göreşmedik bolsa, öz ýurduny goramaga aýaga galmadyk bolsa”, häzirki wagtda Ukrainanyň goşunynda aýallaryň sany has az bolardy, goşun hem şu günki ýaly derejede bolmazdy.

«Mundan beýläk-de jemgyýet bolup ösmegimiz üçin, belki, bize bu jebir-jepalaryň içinden geçmek gerekdir. Ýogsa biz millet hökmünde-de, döwlet derejesinde-de ýaşamagymyzy bes ederis" diýip, Priýmak aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.