Öňki ministriň köşgüniň üsti açyldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

AÝ/AR-nyň derňewleri Ukrainanyň tebigat we tebigy resurslar boýunça öňki ministri Mikola Zloçewskä degişli kaşaň köşkleriň üstüni açdy. Ol häkimiýet başyndan çetleşdirilen öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň goly astynda işläpdi. Korrupsiýa garşy kampaniýanyň alyp baryjylary Zloçewskiniň emlägine degişli derňewleri geçirmegi talap edýärler. Onuň biznes gatnaşyklary ABŞ-nyň wise-prezidentiniň ogluna hem degip geçýär.