Türkmenistan Abu-Dabi bilen aradaky ýolagçy uçar gatnawyny dikeltdi, öňki prezident daşary ýurtda türkmen emeldarlary, şol sanda wise-premýerler bilen iş maslahatyny geçirdi.
Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji ýanwarda iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine baryp, ol ýerde geçiren iş maslahatynda ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna bu ýurt bilen guralan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny ýatlatdy.
Habarda bellenilmegine görä, Abu-Dabä "ilkinji ýolagçy uçarynyň" uçuşynyň amala aşyrylmagy “döwletara gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylýandygyna şaýatlyk edýär”.
Şeýle-de, uly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirilýän çäreleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berendigi aýdylýar, ýöne gürrüňi edilýän gatnaşyklar barada anyk maglumat berilmeýär.
Türkmen hökümetiniň tankytçylary öňki prezidentiň ýaşlara ýol açmak barada beren wadasyny ýerine ýetirmän, ýaş prezidentiň işine yzygiderli gatyşýandygyny, onuň deregine halkara derejesinde geçirilýän ýygnaklara hem gatnaşyp, ýurduň abraýyny gaçyrýandygyny aýdýarlar.
Degişli maglumat 2024-nji ýylda Merkezi Aziýada nämä garaşyp bolar?