Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Seýed Mojtaba Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberd diýip, türkmen metbugaty 10-njy martda habar berdi.
Gutlagda Eýranyň Beýik liderine berk jan saglyk, onuň Eýranyň halkynyň parahatçylygyna, gülläp ösüşine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw edilýär.
Mojtaba Hameneýi 8-nji martda Eýranyň Bilermenler geňeşiniň täze lideri boldy. Ol 28-nji fewralda ABŞ-Ysraýyl hüjümi netijesinde öldürilen kakasy Aýatolla Ali Hameneýiň ýerine Rahbar saýlandy.