"Üns merkezinde — indiki nesil". Russiýa Merkezi Aziýadaky täsirini saklap galmak üçin mekdeplere bil baglaýar

Täjigistanyň Bohtar şäherindäki rus dilinde okadylýan mekdebiň okuwçylary

Russiýa Merkezi Aziýa boýunça ýüzlerçe million dollar maýa goýup, bilim edaralaryny gurýar. Maksat — rus diliniň ulanylyşyny güýçlendirmek, şol bir wagtyň özünde sebitde ýaş nesliň Günbatar we Hytaý täsirine has köp çekilýän döwründe öz täsirini saklap galmak.

2022-nji ýylda Täjigistanyň günortasyndaky Bohtar şäherinde rus dilinde okadylýan täze mekdep açylanda, ýerli ýaşaýjylar müňlerçe bolup, çagalaryny şol mekdebe ýazdyrmak üçin ýüz tutdular.

Mekdep XVIII asyryň rus alymy Mihail Lomonosow adyny göterýär we soňky ýyllarda bu garyp Merkezi Aziýa ýurdunda Russiýa tarapyndan maliýeleşdirilen bäş mekdebiň biridir.

Bohtar mekdebi Russiýanyň döwlet taslamasynyň bir bölegi bolup, onuň umumy bahasy 150 million dollar töweregidir. Mekdep häzirki zaman üç gatly bina bolup, hemişelik gorag astynda durýar. Daş-töwereginde bolsa Russiýanyň we Täjigistanyň baýdaklary dikilen.

Täjigistan we tutuş Merkezi Aziýada mekdepleri maliýeleşdirmek Moskwanyň sebitdäki täsirini saklamaga edýän synanyşygynyň bir bölegi hökmünde görülýär. Sebäbi bu ýerde Hytaýyň täsiri güýçlenýär, Günbatar hem gyzyklanma bildirýär.

Bohtar mekdebinde okaýan müňden gowrak okuwçynyň arasynda Muhtor atly 42 ýaşly gurluşykçynyň uly gyzy hem bar. Ol ogluny hem şol mekdebe ýerleşdirmek isleýär. Muhtor syýasata kän gyzyklanmaýandygyny aýdýar.

“Meniň üçin iň möhüm zat çagalarymyň geljegi” diýip, ol aýdýar. “Bu mekdep olara Russiýadaky uniwersitetlere girmäge we belki-de şol ýerde has gowy iş mümkinçiliklerine ýol açýar”.

2022-nji ýylda Täjigistanda açylan bäş rus dilindäki mekdeplerde jemi alty müň töweregi okuwçy okaýar. Mekdepler Russiýanyň bilim standartlaryna laýyklykda işleýär, okadylyş esasan rus dilinde alnyp barylýar. Okuw maksatnamasy, şeýle hem mekdep dabaralary we nyşanlary rus medeniýetine daýanýar.

“Uzak möhletli täsiri üpjün etmek”

Moskwa Merkezi Aziýada rus dilinde bilim ulgamyny giňeltmek üçin ýüzlerçe million dollar maýa goýýar. Ol täze mekdepler gurýar, uniwersitetleri maliýeleşdirýär we sebitde medeni merkezleri açýar. Bu ýerde Russiýanyň öňki agdyklyk edýän ornunyň indi awtomatiki kepillendirilmeýändigi nygtalýar.

Okuwçylaryň ene-atalarynyň sözlerine görä, Bohtar şäherindäki mekdebe müňlerçe okuwçy girmäge synanyşýar

Bu maýa goýumlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň öz milli dillerini ösdürmäge edýän tagallalary bilen bir wagtda alnyp barylýar. Bu döwletlerde ýaş nesil ikinji dil hökmünde köplenç iňlis ýa-da hytaý dillerini saýlaýar.

Şeýle-de bolsa, rus dilinde bilim almaga bolan isleg henizem ýokary derejede galýar. Munuň sebäbi işçi migrasiýasy we Russiýadaky ýokary okuw mekdeplerine elýeterlilik bilen baglanyşyklydyr. Rus dili henizem sebit boýunça dolandyryş edaralarynda we işewürlikde giňden ulanylýar.

Adyny agzaman çykyş eden bir täjik syýasat bilermeni, awtoritar ulgamda ýaşap, erkin pikir aýtmak howplu bolan ýagdaýda şeýle diýýär: “Moskwa Merkezi Aziýada täze rus mekdeplerini gurýar, sebäbi onuň esasy maksady - indiki nesil. Bu uzak möhletli täsiri üpjün etmäge gönükdirilendir”.

Ol şeýle hem belleýär: öňki nesillerden tapawutlylykda, Merkezi Aziýadaky ýaşlaryň Sowet döwrüne bolan nostalgiýasy ýok, olar barha Günbatar we Hytaý täsirine açyk bolýar.

Her ýurt üçin aýratyn çemeleşme

Russiýa Merkezi Aziýada onlarça bilim taslamasyny maliýeleşdirýär.

Iň belli taslamalaryň arasynda bolsa Gyrgyz-Rus Slawýan Uniwersiteti üçin täze kampus gurulmagy bar. Bahasy 200 million dollar bolan bu taslama bölekleýin Moskwa tarapyndan maliýeleşdirilýär we häzirki wagtda Gyrgyzystanyň ýokary bilim ulgamynda möhüm orny eýeleýär.

Russiýa şeýle hem Gyrgyzystanyň çäginde birnäçe täze rus dilinde okadylýan orta mekdepleri gurmaga borçlandy.

Gazagystanda rus dili resmi statusyny saklap galýar, şonuň üçin Moskwanyň çemeleşmesi esasan ýokary bilim we hünär taýýarlygyna gönükdirilýär.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 28-nji maýda Astanada eden sapary döwründe Gazagystanyň takmynan 60 müň talybynyň Russiýanyň uniwersitetlerinde okaýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Gazagystanda Russiýanyň öňdebaryjy sekiz uniwersitetiniň filiallarynyň işleýändigini belledi.

Özbegistanda rus dilindäki bilim, döwlet tarapyndan özbek dilini esasy okuw dili etmek ugrunda edilýän tagallalara garamazdan, ýokary okuw jaýlarynda we tehniki ugurlarda henizem meşhurlygyna galýar. Ýurtda rus uniwersitetleriniň filiallary işleýär, iki taraplaýyn ylalaşyklar talyplaryň alyş-çalşygyny we hünär taýýarlygyny goldaýar.

Türkmenistanyň daşary ýurt bilim başlangyçlary berk düzgünleşdirilýän ýagdaýda bolsa-da, rus dilindäki okuw döwlet gözegçiligi astynda saklanýar. Talyplar hökümetara ylalaşyklar arkaly Russiýa okuwa gidýärler we jemgyýetçilik durmuşynda has giň çäklendirmeler bar bolsa-da, bilim gatnaşyklary dowam edýär.

Merkezi Aziýada Moskwa ýaş hünärmenlere, analitiklere we geljekki syýasatçylara gönükdirilen elita we resmi däl bilim başlangyçlaryny hem giňeldýär.

Muňa mysal hökmünde Aleksandr Gorçakow adyndaky jemgyýetçilik diplomatiýa gaznasy tarapyndan gurnalan “Merkezi Aziýa boýunça mekdep” başlangyjyny görkezmek bolýar. Bu Russiýanyň analitik merkezi bolup, ol ýaş hünärmenleri Russiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bir ýere jemläp, sebit meseleleri boýunça leksiýalary we çekişmeleri geçirýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri öz milli dillerini we milli aýratynlygyny ösdürmäge dowam edýär.

Sebitdäki dil syýasaty

Russiýanyň sebitdäki bilim maýa goýumlary, Merkezi Aziýa döwletleriniň milli dilleri we öz şahsyýetini ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň fonunda amala aşyrylýar. Bu proses 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň başlandy we soňky ýyllarda has-da tizleşdi.

Sebitde dil syýasaty, köp ýurtlarda rus etniki azlygyň ýaşamagy sebäpli, wagtal-wagtal jedellere we Russiýanyň syýasatçylarynyň güýçli reaksiýasyna sebäp bolýar.

Gyrgyzystanda Bişkek şäheriniň etraplarynyň atlaryny (Oktýabr, Lenin, Swerdlowsk we Birinji Maý etraplary) üýtgetmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda, rus kanun çykaryjylary we kommentatorlar muny umumy taryhy ýok etmek we rus dilli ilaty kemsitmek hökmünde häsiýetlendirdiler.

Russiýanyň resmileri Gyrgyzystanda rus diliniň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny azaltmak baradaky çekişmelere hem güýçli reaksiýa bildirdiler, rus dili bolsa ýurduň içinde henizem resmi dil statusyna eýedir.