Uruş başlanaly bäri 50,000 ukrainaly el-aýagyny ýitirdi - “Wall Street Journal”

Rus-ukrain uşunda ýaralanan harby gullukçy

"The Wall Street Journal" dünýäniň iň uly protez öndürijisine, Germaniýanyň “Ottobock” firmasyna we onuň lukmançylyk hyzmatdaşlarynyň maglumatlaryna salgylanyp, Russiýanyň Ukraina garşy esassyz urşa başlamagy bilen, geçen ýylyň fewralyndan bäri takmynan 50 000 ukrainalynyň elini ýa-da aýagyny ýitirendigini habar berdi.

Gazet bu sanlaryň Birinji Jahan urşy döwründe hasaba alnan maglumatlar bilen deňeşdirilip bilinjekdigini aýtdy.

Gazetiň ýazmagyna görä, aýagy ýa-da eli kesilenleriň hakyky sanynyň has köp bolmagy hem mümkin, sebäbi protez ýasamak üçin wagt gerek bolýar we ýaraly bolanlaryň käbiri eliniň ýa-da aýagynyň kesilip aýrylmagyna hepdeläp ýa-da hatda aýlap garaşýar.