Obama: "YD-a" garşy guryýer urşy bomaz

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Amerikan prezidenti Barak Obama Kaliforniýada 14 adamynyň ölümine sebäp bolan hüjümi "terroristik hüjüm" diýip atlandyryp, iki hüjümçi "radikalizmiň garaňky ýoluna düşüpdirler" diýdi. Ak tamdan telewideniýede eden çykyşynda Obama terrorizm howpy soňky ýyllarda "täze faza" girdi diýip, "Yslam döwleti" atly ekstremistik terrorçy topary ýok etmegi wada etdi.