Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy köçedäki eýesiz itleriň ewtanaziýasyny, ýok edilmegini teklip edýän kanun taslamasyny tassyklady. Ýöne haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar taslamany kanun çykaryjy edaradan aýyrmak üçin tagallalaryny dowam etdirýärler.
Gazagystanda kimdir biri tarapyndan dessine öýüne alnyp bolmaýan köçe itleriniň ewtanaziýa sezewar edilmeli ýa-da edilmeli däldigi barada umumy bir pikir ylalaşygy ýok. Käbirleri haýwanlaryň öldürilmegini ewtanaziýa diýip atlandyrýan parlament agzalaryny goldaýarlar. Beýlekiler munuň haýwanlaryň sanyny gözegçilikde saklamagyň adamkärçiliksiz usulydygyna, meseläni çözmejekdigine, gaýtam, adamlarda agressiýany artdyrjakdygyna ynanýarlar.
Mejlisden geçip, eýýäm Senata hödürlenen üýtgetmelere garşy çykýan raýatlar Internetde petisiýa başlatdylar. Onda köçe itleriniň adamlar tarapyndan taşlanan ýa-da ýitirilen öý haýwanlarydygy nygtalýar.
"Ýurtda haýwan eýeleriniň jogapkärçiligi üçin hakyky netijeli mehanizmleri — hökmany mikroçipleri goýmak, ideg edijilere ygtyýarnama bermek, "guş bazarlarynda" düzgünleşdirilmedik söwdany gadagan etmek we haýwanlary taşlamak üçin jerimeler girizmek — ýaly [çäreler] girizilmese, islendik köçe çäreleri diňe “deşikli gaýykdan suw çykarmakdan” ybarat bolar. Üýtgetmeler meseläniň özenini çözmeýär. Olar diňe onuň netijelerini ýok etmek prosesini kanunlaşdyrýar” diýlip, hökümete, prezident administrasiýasyna we parlamentiň ýokarky palatasyna iberilen petisiýada aýdylýar.
Tankytlara we jemgyýetçilik nägileliginiň artmagyna garamazdan, jedelli kanun taslamasynyň inisiatorlarynyň biri deputat Edil Žanbyrşin öz pikirinde berk durýar. Ýakynda Aktauda geçirilen duşuşykda Mejlis agzasy Žanbyrşin Gazagystanda eýesiz itleriň ozal hem tutulandygyny, sanjym edilendigini, sterilizirlenendigini we gaýtadan tebigata goýberilendigini aýtdy. Ýöne bu ulgam, onuň öz sözi bilen aýdylanda, mehanizmiň netijesizligi sebäpli başa barmady. Indi bolsa, Žanbyrşiniň pikiriçe, olary öldürmäge geçilmeli wagt geldi.
Degişli maglumat
Paýtagtda itler we pişikler ýok edilýär“Ilata howp abanýar diýenimizde, netijeli çäreleri görmelidiris. Şonuň üçin, global hukuk goraýjy tejribeleri we tutuş ýagdaýy öwrenip, yzyna gaýtaryp bolmajak tussag etmek syýasatyny teklip edýäris” diýip, Žanbyrşin Aktauda geçirilen duşuşykda aýtdy.
Duşuşyk wagtynda dartgynlylyk güýçlendi. Bir pursatda garşydaş taraplar biri-biriniň sözüni bölüp, biri-birini sem etmäge synanyşdylar. Iki tarap hem öz garaýyşlarynda berk durdy: Mejlis deputatlarynyň tas ählisi diýen ýaly kanun taslamasynyň tarapdarlarynyň tarapynda duran mahaly, haýwanlary gorap çykyş edýänler raýatlar bolsa olara garşy çykdylar.
Aktaudaky duşuşyga gatnaşyjylaryň biri, gazak paýtagtyndaky “Stop Otlow” penahanasynyň başlygy Mariýa Grebýonkina, iki ýarym ýyl işlän döwründe öz gaznasynyň býujetden ýarym million dollardan gowrak pul alandygyny aýdýar. Bu pullaryň hemmesi penahanadaky haýwanlary saklamaga we olara ideg etmäge sarp edildi. Ol 2021-nji ýylda işe girizilen TSWG (tutmak-sterilizasiýa-waksinasiýa-gaýtarmak) ulgamynyň netijesiz bolandygy baradaky öňe sürme bilen ylalaşmaýar.
“Men şol 245 million teňňäni “Stop Otlow” penahanasyndaky şertleri gowulandyrmak, ol ýerde bejeriş we sterilizasiýa hyzmatlaryny ýola goýmak üçin ulandym. Şeýle hem, tutmak meýilnamasyny üçden bir bölegine çenli azaltdym Men aýdýaryn, siz ýurt boýunça 15 milliard teňňe bilen näme gazandyňyz, haýyş, görkeziň?” diýip Grebýonkina soraýar.
Gazagystanyň Çagalaryň hukuklary boýunça öňki komissary Aružan Sain hem öýsüz haýwanlary gorap çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, köçe itlerini ýok etmek arkaly olaryň köpelmegini gözegçilikde saklamak mümkin däl. Mundan başga-da, kanun taslamasyna görä, mikroçipsiz islendik it, hatda öý iti hem, “öýsüz, eýesiz” hasaplanar we ewtanaziýa sezewar edilip bilner. Sainiň pikiriçe, haýwanlara rehimsizlik jemgyýetde diňe zorlugy döredýär.
“Bir tarapdan, biz zorlugyň islendik görnüşini düýpgöter ret edýäris. Biz öý zorlugy we çagalara garşy zorluk bilen baglanyşykly meseleler barada köp gürleşýäris. Ýöne ynanaýyň, adamlara garşy şeýle rehimsiz hereketiň ilkinji alamaty haýwanlara garşy rehimsizlikdir” diýip, Sain aýtdy.
Kanun taslamasynyň töweregindäki çekişmeler, jedeller barha gyzyşýar we giňden ýaýraýar. Gazaklar kanun taslamasyny gözden geçirmeli Senatyň agzalaryna ýüzlenýärler we olardan ony ret etmegi haýyş edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.