Merkezi Aziýanyň iň halanýan suratçylarynyň we medeni kommentatorlarynyň biri Anzor Buharskiniň 2500 kilometrlik ýol syýahaty Özbegistanyň köçelerindäki we ýollaryndaky gündelik durmuşa göz aýlamaga seýrek mümkinçilik döredýär.
Iki ýerli gyz ýurduň Owganystan bilen serhet ýakasynda ýerleşýän Minor şäheriniň günortasyndaky 900 ýyllyk minaranyň golaýynda ýöräp barýarlar.
Bir adam jöwzaly yssy günde Hywadaky öýüniň howlusynda dynç alýar.
Özbegistanyň demirgazygyndaky Garagalpagystanda ýerleşýän çölüň tozanly giňişligindäki sallançaklar.
Bular suratçy Anzor Buharskiniň 2021-nji ýylyň tomus aýlarynyň başynda Özbegistana eden ýol syýahatynyň çäginde düşüren suratlarynyň käbiridir. sapary wagtynda düşüren käbir suratlary. Asly buharaly suratçy mähirli suratlary we özbek medeniýetine ýiti synlary bilen tanalýar.
Buharskiý iki sany rus dostuna Özbegistanyň syýahatçylyk ýerlerinden uzakda ýerleşýän sebitlerini görkezmek üçin epiki syýahaty amala aşyrdy. Ol bu syýahatynyň çäginde häkimiýetleriň "hemme zady täze kerpiç we plitkalar bilen gowulaşdyrmaga ýa-da zibil gaplary we plastik polisiýa kabinalary bilen bezemäge" synanyşýandygyny aýtdy.
Dünýäde saklanyp galan az sanly "ümsümlik diňleriniň" biri, Garagalpagystan.
2000 ýyllyk bu desga Zaratuştraçylyk dinine ybadat edýänler tarapyndan ýeriň, oduň ýa-da suwuň mukaddes elementlerini hapalamazdan, jesetleri ýok etmegiň usuly hökmünde ulanyldy. Jesetler bu minaranyň depesinde goýlupdyr we olar günüň ýiti şöhlesi hem-de garaguşlar (maslykçylar) tarapyndan arassalanypdyr. Jesetden galan süňkler bankalara salnyp jaýlanypdyr.
Iki özbek zenany ümsümlik diňiniň depesine çykýar.
Samarkantyň golaýynda ýerleşýän Urgutdaky gyzgalaňly bazar.
"Men her gezek Özbegistanda bir şähere baranymda, bazara gysga wagtda barmaga synanyşýaryn" diýip, Buharski aýtdy. "Özboluşly tagamy we şahsyýeti bilen açyk howa bazarlary özbek halkynyň buýsanjydyr. Şeýle bazarlar edebiýatda, suratkeşlikde we kinoda müňlerçe gezek wasp edildi".
"Ýakynda, 2017-nji ýyldan başlap, özbek bazarlaryna garşy hakyky söweş yglan edilendigi gynandyrýar. Olary ýykýarlar we olara derek häzirki zaman gipermarketleri gurýarlar. Medeni mirasyň tutuş bir gatlagy ýitip barýar we men munuň orny hiç haçan doldurylmaz öýdüp gorkýaryn".
Ýerli çagalar agşamara köne Hywanyň köçeleriniň birinde oýnaýarlar.
Sowet döwrüniň ýük maşyny Özbegistanyň günortasyndaky Surhandarýa sebitindäki ýoldan barýar.
Buharskiý Surhandarya "Özbegistanyň iň owadan daglarynyň" ýerleşýändigine ynanýar. "Bu ýerde dem almak hakykatdanam aňsat. Siz deňi-taýy bolmadyk giňişligi we ýeňilligi duýup bilersiňiz" diýip, ol belleýär.
Bir gyz Hywadaky bir bazarda surata düşýär.
Buharskiý, Hywadaky asyl bazaryň ajaýyp şäher diwarlarynyň düýbünde ýerleşendigini, ýöne ýakynda "şäher häkimliginiň söwdagärleriň daşary ýurtly myhmanlaryň öňünde häzirki zaman Özbegistanyň keşbini masgaralaýandygy barada karara gelendigini we şeýlelikde, bazaryň şäheriň başga, jahankeşdeere görünmejek bir ýerine gizlenendigini" aýtdy.
Özbegistanyň günortasyndaky Boysun sebitinde bazaryň ýapyk girelgesi.
Buharskiý "bazarlary ýykmak tolkunynyň hatda Surhandaýa hem ýetendigini" sözüni üstüne goşýar: "Biz Boýsundaky meşhur köne bazara baranymyzda, onuň şäheriň 'has döwrebaplaşdyrylmagy we owadanlaşdyrylmagy üçin" başga bir ýere bölegine geçirilýändigi sebäpli ýapylandygyny gördük".
Hywada gurjaklaryň çykyşlaryny sahnalaşdyrýan bir adam.
Hywada ýerli ýaşaýjylaryň biriniň öýi.
Buhara bilen Hywanyň arasyndaky awtoulag ýolunyň ugrunda gum saklamak üçin gamyşdan gurlan diwarlar.
Buharskiý "çöldäki çägeleriň yzygiderli süýşýändigini, şonuň üçin birnäçe metr çuňlugyndaky bu gaplaryň, uly ýoluň gumuň aşagyndan galmagynyň öňüni almak üçin, gamyşdan ýasalýandygyny" aýdýar.
Hywadaky minaranyň golaýynda harby topar çykyş edýär.
"Islendik baýramçylykda özbek şäherleriniň köçelerinde uniformaly köp sanly adamy görse bolýar: polisiýa, harby, milli goragçy we ş.m." diýip, Buharskiý aýdýar. "Bu jahankeşdeleri geň galdyrýar we olar köplenç howpsuzlyga howp abanýarmy diýip soraýarlar".
Itçan-gala galasynyň ýanynda ýerli bir ýaşaýjy goýnuny alyp barýar.
Bir adam Hywadaky bir binanyň gapdalyndan, uly gazuw işleriniň alnyp barylýan ýerinden seredýär.
Buharskiý Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda "Özbegistanyň köne şäherlerinde, köplenç UNESKO tarapyndan goralýan ýerlerde, haýsydyr bir dikeldiş ýa-da gurluşyk işleriniň yzygiderli alnyp barylmagy aladalandyrýar" diýdi.
Garagalpagystan çölüniň boş meýdanynda ýol ýakasyndaky duralgalar, ak öýler.Ýoluň kenaryndaky bu duralgalar düýedarlar tarapyndan dolandyrylýar.
Samarkantyň girelgesinde garpyzyň äpet monumenti. Gawun-garpyzlar Özbegistan üçin esasy we ösýän eksport harytlarydyr.
Buharskiý 12 günlük ýol syýahatynyň ahyrynda birnäçe zady öwrenendigini, şol sanda Özbegistanyň ýollarynyň “awtoulag bilen syýahat etmek üçin amatly däldigini" aýdyp, "ýollarymyz ýadro urşunyň alnyp barylýan ýerine meňzeýär" diýdi. Ýöne iň esasysy, suratçy müňlerçe kilometr ýol geçensoň, "dünýäde dogduk şäheri Buharadan başga gowy şäheriň ýokdugyna" düşünendigini aýdýar.
Anzor Buharskiniň hasabyna esaslanyp Amos Çappl tarapyndan taýýarlandy.