“Wagner” toparynyň ozalky söweşijisi adam öldürmekde aýyplanýar

Illýustrasiýa suraty

Russiýada “Wagner” hakyna tutma toparynyň düzümine geçen ýyl türmeden goşulan bir raýat, Ukrainadaky dowam edýän uruşdan dolanandan soň, Sibirdäki ýaşaýan sebitinde iki aýaly öldürmekde we olaryň jaýyny otlamakda aýyplanýar.

Krasnoýarskiý Kraý regionynyň Ýermakowskoýe şäheriniň polisiýasynyň 3-nji oktýabrdaky maglumatyna görä, Denis Stepanow öten gijäniň dowamynda jaýy oda bermekde aýyplanyp saklanypdyr. Jaýyň içinde iki aýalyň jesedi hem tapylypdyr.

Polisiýa jenaýatyň matlaplarynyň aýdyň däldigini, emma şaýatlaryň güman edilýäniň aýallara garşy açyk haýbat atandygyny aýtdylar.

Bu türmelerden “Wagner” hakyna tutma toparyna goşulan ozalky söweşijileriň yzyna dolanyp, jenaýata gaýtadan baş goşmagy bilen bagly ýüze çykýan birinji ýagdaý däl.