ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wanse Waşingtonyň Tährana onuň sözlerine däl-de, hereketlerine görä baha berjekdigini aýtdy. Ol gepleşikleriň maksadynyň Eýranyň manyly eglişiklere gitmäge taýýardygyny ýa-da däldigini anyklamakdan ybaratdygyny aýtdy.
“Bu gepleşiklerde etmäge synanyşýan zatlarymyzyň bir bölegi olaryň hakykatdanam näderejede çynlakaýdygyny görmekdir” diýip, Wanse Fox News telekanalyna aýtdy. “Çynlakaý bolmak üçin olar diňe dogry zatlary aýtmak bilen çäklenmeli däl. Olar hakyky eglişiklere gitmeli.”
“Bizi eýranlylaryň näme diýýändigi kän gyzyklandyrmaýar. Bizi olaryň näme edýändigi has köp gyzyklandyrýar” diýip, ol aýtdy. “Birleşen Ştatlaryň prezidentinden öwrenen zadym şudur: dost bolsun ýa duşman bolsun, hiç kime ynanmaly däl, adamlaryň hereketlerine ynanmaly.”
“Eger olar dogry hereket etseler, eger özlerini dogry alyp barsalar, köp peýda gazanarlar.”
Wanse administrasiýanyň Eýrandan hem oňyn, hem-de ýaramaz signallary görýändigini aýtdy we gepleşiklerde prezident Donald Trampyň görkezmelerine eýermegi dowam etdirjekdigini belledi.
Ol diplomatiýa başa barmasa-da, Waşingtonyň eýýäm esasy maksadyna ýetendigine ynanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Eger… eýranlylar özlerini dogry alyp barmasa, eger olar gepleşiklerde biziň görmeli eglişiklerimize gitmese, olaryň ýadro programmasy barybir ýok edildi, olaryň adaty harby kuwwaty hem barybir ýok edildi we Birleşen Ştatlar Eýran bilen deňeşdirilende barybir has güýçli pozisiýada galýar” diýip, ol aýtdy.
“Gepleşiklerde ähli artykmaçlyk biziň elimizde. Elbetde, biz onuň üstünlikli bolmagyny isleýäris, emma ol üstünlikli bolmasa-da, biz esasy missiýany ýerine ýetirdik: ýagny eýranlylaryň hiç haçan ýadro ýaragyna eýe bolmazlygyny üpjün etmek.”