Orban Kiýewe saparynda Zelenskä atyşygy bes etmegi teklip edýär

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä atyşygy bes etmek teklibini edendigini aýtdy.

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä Moskwanyň giň gerimli urşa başlamagy netijesinde iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän söweşe arakesme bermek maksady bilen atyşygy bes etmek teklibini edendigini aýtdy.

Kiýewde Zelenski bilen bolan duşuşygyndan soň žurnalistler bilen söhbetdeş bolan Orban öz eden teklibiniň mazmuny barada jikme-jik maglumat bermedi. Zelenski bu teklip barada öz pikirini aýtmady.

"Men jenap prezidentden arakesme etmek, atyşygy togtatmak we soňra gepleşikleri dowam etdirmek mümkinçiliginiň bolup biljekdigini ýa däldigini soradym" diýip, Orban duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy.

Orban 2022-nji ýylda Russiýanyň başlan giň gerimli urşundan bäri Ukraina edýän ilkinji saparynda Kiýewe geldi. Wenger hökümetiniň metbugat wekiliniň X-da ýazmagyna görä, 2-nji iýul sapary Wengriýa Ýewropa Bileleşiginiň geňeşiniň gezekli başlygy bolanyndan bir gün soň amala aşyrylýar.

Kiýewe berilýän günbatar harby kömegini yzygiderli tankytlamak bilen belli bolan Orban Ukrainadaky uruş başlanaly bäri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşan az sanly günbatar liderleriniň biri boldy.

Bu sapar Orban bilen Zelenskiniň Brýusselde, Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde duşuşmagynyň birnäçe gün soňundan amala aşyrylýar.

"Gepleşiklerde parahatçylygy gazanmagyň mümkinçilikleri, şeýle-de Wengriýa-Ukraina ikitaraplaýyn gatnaşyklaryndaky häzirki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar" diýip, Orbanyň metbugat sekretary Zoltan Kowaç ýazdy.

Ukrain resmileri bu habar barada bada-bat düşündiriş bermekden saklandylar, ýöne Zelenskiniň administrasiýasy metbugat guramalaryna 2-nji iýul güni giçlik guraljak bir çärä üçin çakylyk iberdi.

Öňünden yglan edilmedik sapar baradaky maglumaty ilkinji bolup “The Financial Times” gazeti çap etdi.

Orban, Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli urşa başlaly bäri, Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň liderleriniň arasynda Ukraina üçin niýetlenen günbatar ýaraglarynyň we kömek bukjalarynyň Kiýewe iberilmegine göwünsizligi, bu baradaky resminamalara gol çekmek islemezligi bilen tapawutlandy.

Geçen ýylyň dekabrynda bolsa ol, Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň duşuşygynda, Ukrainanyň ÝB bilen agzalyk gepleşikleriniň açylmagyna garşy ses bermezlik üçin, duşuşyk otagyndan çykdy.

Şondan soň, Ukrainany agzalyk ýoluna salmak üçin, ÝB bu gepleşikleri resmileşdirmek tagallalaryna girişdi.

“The Guardian” gazeti, bu sapar barada habar berip, onuň esasan günbatar Ukrainada, iki ýurduň serhedine ýakyn topraklarda ýaşaýan wenger dilli ukrain azlyklarynyň hukuklary meselesinde alnyp barlan uzyn gepleşiklerden soň amala aşyrylýandygyny aýtdy.