Wuçiç saýlawlarda ýeňilendigini boýun aldy. Bu Serbiýanyň syýasatynda we Günbatar bilen gatnaşyklarynda täze döwre ýol açýar

"Talyplaryň sanawynyň" tarapdarlary parlament saýlawyndaky ýeňşini bellemek üçin Belgradyň merkezine ýygnanýarlar.

BELGRAD -- Serbiýanyň ozalky prezidenti we on ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň syýasatynda agalyk eden Aleksandr Wuçiç parlament saýlawlarynda talyplaryň ýolbaşçylygyndaky protest hereketinden ýeňlendigini boýun aldy. Bu ýagdaý ýurduň syýasatynda Ýewropa bilen has ýakynlaşmaga we Kremlden daşlaşmaga gönükdirilen täze döwri başlap biler.

"Bu saýlawlarda ýeňlendigimiz aýdyň" diýip, ol 25-nji oktýabrda giç agşam, Serbiýanyň ähli ýerinde saýlaw uçastoklary ýapylandan soň geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Talyplaryň sanawy ýeňiş gazandy. Olar 135 bilen 140 aralygynda orna eýe bolarlar, biziň bolsa 105 ornumyz bolar. Başga hiç kim parlamente geçmedi" diýip, Wuçiç deslapky netijelere salgylanyp aýtdy. Şol wagt Belgradda, Nowi-Sadda we beýleki şäherlerde talyp liderler hem-de olaryň tarapdarlary ýeňşi belläp başladylar.

Käbir synçylar Wuçiçiň ýeňlişini Russiýa bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýan ýene bir awtoritar lideriň -- Wengriýanyň ýolbaşçysy Wiktor Orbanyň apreldäki parlament saýlawlarynda ýeňilmegi bilen deňeşdirdiler.

Serbiýadaky saýlawa jemi 18 saýlaw sanawy boýunça 2 müň 400-den gowrak dalaşgär gatnaşdy. Täze hökümeti düzmek üçin parlamente olaryň 250-si saýlanar.

"Täze döwlet" gurmak

"Ertir biz kanunyň hökmürowanlygy esasynda dolandyrylýan döwleti gurmak üçin işe başlaýarys" diýip, "Talyplaryň sanawynyň" öňdebaryjy dalaşgäri Iliýa Srdanowiç aýtdy.

"Muny amala aşyrmaga erk-isleg bolanda, özgertmeleriň mümkindigini görkezdik. Indi bu pursada mynasypdygymyzy subut etmelidiris. Talyplar ýeňiş gazandylar. Biz her bir adamyň hakykata, sesiniň eşidilmegine we geljege hukugy bolan bir ýurdy bilelikde gurmak isleýäris" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Belgrad uniwersitetiniň professory we "Talyplaryň sanawynyň" dalaşgäri Radomir Saiçiç: "Eziz Serbiýa, şu agşam halkyň sesi eşidilýär. Şu agşam biz ýeňşi belleýäris, ertir bolsa geljegi gurýarys" diýdi.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta hem netijeleri gutlap, olaryň Serbiýanyň Ýewropa Bieleleşigine agza bolmak ýolunda öňe gitmegine ýardam berjekdigini aýtdy.

"Şu gün Serbiýanyň ilaty öý ýurdunyň geljegini kesgitlemek üçin rekord derejede köpçülikleýin saýlawa gatnaşdy. Parlament saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen 'Talyplaryň sanawyny' gutlaýaryn" diýip, ol X ulgamynda ýazdy.

"Biz kanunyň hökmürowanlygy, metbugat azatlygy, korrupsiýa garşy göreş we berk demokratik institutlar babatyndaky özgertmeleri goldamaga, şeýle-de Serbiýanyň Ýewropa Bileleşigindäki geljegini gurmak üçin bilelikde işlemäge taýýar".

"Talyplaryň sanawynyň" öňdebaryjy dalaşgärleriniň biri Iliýa Srdanowiç Serbiýanyň parlament saýlawlaryndan soň ýeňşi belleýär.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen: "Biz kanunyň hökmürowanlygy, metbugat azatlygy, korrupsiýa garşy göreş we berk demokratik institutlar babatyndaky özgertmeleri goldamaga, şeýle-de Serbiýanyň Ýewropa Bileleşigindäki geljegini ilerletmek üçin bilelikde işlemäge taýýardyrys" diýdi.

Saýlawçylaryň köpçülikleýin gatnaşmagy

Saýlawlaryň gutarnykly netijeleri entek yglan edilmese-de, garaşsyz synçylar saýlawçylaryň gatnaşygynyň soňky onýyllyklardaky iň ýokary derejä ýetip, 70 göterime golaýlap biljekdigini habar berdiler. Takmynan 6,6 million ilatly bu Balkan ýurdunda günüň dowamynda saýlaw uçastoklarynyň öňünde uzyn nobatlar emele geldi.

2017-nji ýyldan bäri prezident wezipesini ýerine ýetiren Wuçiç sentýabryň aýagynda işinden çekildi. Üçünji möhlete dalaş edip bilmeýän Wuçiç möhletinden öň saýlaw geçirmäge çagyryp, soňra premýer-ministr bolmagy umyt edipdi.

Jemgyýetiň uly bölegi Wuçiçiň häkimiýet başyndaky Serbiýanyň Progressiw Partiýasynyň (SNS) ýolbaşçylyk edýän sanawy bilen "Talyplaryň sanawynyň" arasynda ikä bölündi. Talyplaryň bu sanawy 2024-nji ýylyň noýabrynda Nowi-Saddaky demirýol menziliniň bassyramasynyň çökmegi netijesinde 16 adamyň ölmeginden soň başlan we birnäçe aýlap dowam eden protestlerden döredi.

Aleksandr Wuçiç Serbiýanyň Progressiw partiýasynyň ýeňlişini boýun almak üçin sahna çykýar.

Serbiýanyň demirgazygyndaky bu şäherde bolan betbagtçylyk jemgyýeti sarsdyrdy. Hökümetiň hytaý kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylan esasy taslamalarynyň biri bolan demirýol menzilindäki gurluşyk işleriniň korrupsiýa sebäpli pes hilli ýerine ýetirilendigi baradaky habarlar muny has-da güýçlendirdi.

"Hapa iş"

Ýeňlişini ir boýun alandygyna garamazdan, Wuçiç netijelere gaharyny bildirdi. Ol muny ABŞ-da prezident Donald Trampyň syýasatyna garşy çykýanlaryň we Ýewropanyň beýleki paýtagtlaryndaky ýolbaşçylaryň "hapa işleriniň" netijesi diýip atlandyrdy.

"Adamlaryň munuň dürli Ýewropa ýurtlarynyň we Amerikadaky 'gizlin häkimiýetiň' -- prezident Trampa garşy çykýan şol güýjüň -- göni goldawy bilen halk tarapyndan amala aşyrylan rewolýusiýa kanunylyk berilmegi bolandygyny bilmegini isleýärin".

Ol garşydaşlarynyň "özbaşdak döwleti ýykmak üçin başga biriniň oýlap tapan hapa işini diňe ýerine ýetirýändiklerini" sözüniň üstüne goşdy. "Siz häzirlikçe başardyňyz. Munuň näçe wagt dowam etjekdigini görereris".

"Marta ýa-da aprele çenli Russiýa Federasiýasyna garşy sanksiýalar giriziler. Görersiňiz. Olar size aýtmak islemedik zatlarynyň ählisini, ýalan sözlän zatlarynyň ählisini ederler. Sebäbi, ýene gaýtalaýaryn, olary diňe başga biriniň meýilnamalaryny ýerine ýetirýän adamlardyr".

Serbiýanyň Russiýa bilen gadymdan gelýän etniki we dini baglanyşyklary bar. Ýurtda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini goldaýanlar we Kremle gönükdirilen sanksiýalara garşy çykýanlar henizem köp.

Wuçiç Trampy ýygy-ýygydan öwüp gelýär. Ol geçen aý BMG-de eden çykyşynda: "Serbiýa prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň hereketlerini goldaýar we onuň işinde dünýäde has adalatly tertibi ýola goýmak hem-de iki jahan urşunda-da Amerikanyň ýakyn ýarany bolan Serbiýa has jogapkärçilikli çemeleşmek mümkinçiligini görýär" diýdi.

Muňa garamazdan, respublikan we demokrat kanunçykaryjylar Serbiýadaky demokratiýanyň ýagdaýy barada alada bildirdiler. ABŞ-nyň Kongresiniň iki palatasyndan hem iki partiýasynyň agzalaryndan ybarat topar Serbiýada demokratik yza gaýdyş, korrupsiýa we Russiýanyň, Hytaýyň hem-de Eýranyň täsiriniň artmagy diýip häsiýetlendirýän ýagdaýlaryna garşy has berk çäreleriň görülmegini talap edýär.

Bir wagtlar aşa milletçi bolan Wuçiç 14 ýyldan gowrak wagt bäri Serbiýanyň syýasatynda agalyk edip gelýär. Şol döwürde ol özüni Serbiýanyň ÝB agza bolmak tagallasyny Russiýa we Hytaý bilen ýakyn gatnaşyklary saklamak bilen utgaşdyrýan reformator hökmünde täzeden görkezmek arkaly häkimiýetdäki ornuny bekitdi.

ABŞ-dan gelen gutlaglar

Ak tamdan dessine seslenme bolmady, ýöne ABŞ-daky beýleki şahslar netijeleri gutladylar.

Wuçiçi uzak wagtdan bäri tankytlap gelýän, Helsinki komissiýasynyň egindeş başlygy, ABŞ-nyň respublikan kongresmeni Jo Uilson Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna: "Serbiýanyň halky öz ýurdunda kanunyň hökmürowanlygyny dikeltmäge bolan tutanýerliligi we ygrarlylygy bilen bu ajaýyp ýeňşi gazandy" diýdi.

"Munuň içine Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň zyýanly täsirini aradan aýyrmak we Russiýa garaşlylygy azaltmak üçin energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak hem girer. Günbatar siwilizasiýasyndaky öz ornuny kabul edýän Serbiýa üçin bu täze döwrüň başlangyjydyr. Trampyň administrasiýasynyň döwründe diktatorlar gaçýarlar".

Waşingtonda ýerleşýän Demokratiýany goramak gaznasynyň ylmy işgäri Iwana Stradner Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna: "Serbiýa [Serbiýanyň merhum prezidenti Slobodan] Miloşewiç häkimiýetden agdarylanda görenimiz ýaly ruhubelentligi başdan geçirýär" diýdi.

"Ýöne taryh gaýtalanmaly däl: Wuçiçi häkimiýetden aýyrmak diňe başlangyçdyr. Indi Serbiýa diňe ýokarda oturan adamlary çalyşmak bilen çäklenmän, onuň häkimiýetini saklan korrupsiýa we awtoritar gözegçilik ulgamyny dargatmalydyr".

"Bu Serbiýa üçin durnukly demokratik institutlary gurmaga we ýurdy Günbatara tarap barýan ýola pugta salmaga mümkinçilikdir" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Stradner Wuçiçiň "Moskwa we Pekin bilen ýakyn gatnaşyklary ösdürip, Serbiýany olaryň Ýewropadaky iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň birine öwürendigini" aýtdy. "Indi Russiýa we Hytaý möhüm ýaranyny hem-de Ýewropadaky esasy daýanç nokatlarynyň birini ýitirip biler".

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Waşingtondaky uly habarçysy Aleks Raufoglunyň maglumatlary esasynda.