Ýaponiýa ilkinji zenan premýerini saýlady

64 ýaşly Sanae Takaýçi indi öz hökümetini düzmeli.

Ýaponiýada ýurduň taryhyndaky ilkinji zenan premýer-ministr saýlandy, 64 ýaşly Sanae Takaýçi indi öz hökümetini düzmeli.

Ýaponiýanyň parlamenti Liberal Demokratik partiýanyň lideri Sanae Takaýçini premýer-ministrlige saýlady. Bu saýlaw ilkinji zenanyň premýer-ministr wezipesine saýlanmagy bilen taryha girer.

Takaýçi saýlawda 237 ses aldy. Onuň garşydaşy, Ýaponiýanyň Konstitusiýa-Demokratik partiýasynyň lideri Yoşhihiko Noda 149 ses aldy.

64 ýaşly Takaýçi indi Ýaponiýanyň Täzeden döreýiş partiýasy bilen koalisiýa hökümetini döreder.

Takaýçi oktýabr aýynyň başynda Liberal Demokratik partiýanyň başlygy wezipesine saýlandy. Bu saýlaw premýer-ministr Şigeru Işiba bir ýyl işläp, işinden çekiljekdigini yglan edeninden soň geçirildi.

“The Guardian” gazetiniň ýamagyna görä, aram Işibanyň saýlanmagy onuň partiýasyndaky sagçylaryň arasynda nägilelik döretdi. Takaýçi partiýanyň iň konserwatiw agzalarynyň biri hasaplanýar.