ÝB-niň täze migrasiýa syýasaty: Bileleşigiň çäginden daşardaky deportasiýa merkezleri we Merkezi Aziýa

Ýewropa Bileleşigi migrasiýa syýasatyny berkidýär.

Iýun aýynyň başynda Ýewropa Bileleşigi täze migrasiýa kanuny barada ylalaşdy. Täze düzgünleriň arasynda ÝB-niň çäginden daşarda ýörite deportasiýa merkezleriniň döredilmegi hem bar. Ýewropanyň metbugat serişdelerinde munuň üçin Gazagystanyň we Özbegistanyň mümkin bolan ýerler hökmünde garalýandygy barada maglumatlar peýda boldy. Astanada we Daşkentde bu maglumatlar resmi derejede ret edildi. Şol bir wagtda, temanyň özi Merkezi Aziýada çekişmeleriň döremegine getirdi. Näme üçin bu sebit Ýewropanyň täze migrasiýa syýasaty baradaky çekişmeleriniň merkezinde boldy?

Ýewropa has berk migrasiýa syýasatyna tarap ädim ädýär. Sagçy partiýalaryň pozisiýalarynyň güýçlenmeginiň we migrantlaryň akymyna garşy köpçülikleýin protestleriň arasynda, ÝB häkimiýetleri iýun aýynyň başynda Ýewropa Parlamenti bilen täze migrasiýa düzgüni barada ylalaşandyklaryny yglan etdiler.

Bu kanun bikanun migrantlary deportasiýa etmek baradaky proseduralary çaltlaşdyrmaga we ÝB agza döwletlere ÝB-niň daşynda "deportasiýa merkezlerini", ýagny dolanmak merkezlerini (return hubs) döretmäge mümkinçilik berer.

ÝB Geňeşiniň beýanatynda bellenilişi ýaly, şeýle merkezler deportasiýa edilenleriň öz gelip çykýan ýurtlaryna ýa-da başga bir üçünji ýurda geçirilmegi üçin soňky menziller we üstaşyr merkezler hökmünde hyzmat edip biler.

"Dolanmak merkezler babatda agza döwletleriň migrantlaryň [watanyna] dolanmagyna täze çözgütleri tapmagy üçin şertleri döredýäris. Elbetde, bu diňe Ýewropa Bileleşiginde bolmaga hukugy bolmadyklara degişlidir" diýip, ÝB-niň içeri işler we migrasiýa boýunça komissary Magnus Brunner aýtdy.


ÝB-niň içeri işler we migrasiýa boýunça komissary Magnus Brunner

Häzirki düzgünlere görä, ÝB häkimiýetleri bikanun migrantlary diňe gelip çykan ýurduna ýa-da olaryň bilen gatnaşygy subut edilen ýurda gaýtaryp bilýärler. Täze düzgünlerde bu çäklendirme aradan aýrylar.

ÝB haýsy ýurtlarda deportasiýa merkezlerini döretmek isleýär?

ÝB resmileri bikanun migrantlary haýsy ýurtlara deportasiýa etmekçi bolýandyklaryny heniz resmi taýdan mälim etmediler. Şol bir wagtda, Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu maksat üçin eýýäm 10 töweregi ýurduň kesgitlenendigini habar berýärler.

Syýasy habarlary çap edýän amerikan habar beriş serişdesi "Politico-nyň" diplomatik çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, deportasiýa meselesi boýunça Gazagystan we Özbegistan ÝB hyzmatdaşlary bolup biler.

Migrantlar Gresiýanyň Kalamata portuna gelýärler. 2023-nji ýylyň 14-nji iýuny

Neşiriň maglumatyna görä, Brýussel bu ýurtlara öz territoriýalarynda deportasiýa merkezleriniň döredilmeginiň deregine maliýe kömegini we wiza ýeňilliklerini hödürläp biler.

Daşkent we Astana resmileri bu habarlary tizden-tiz ret etdiler. Özbegistanyň Daşary işler ministrligi bu maglumatyň nädogrydygyny aýtdy, Gazagystanyň Daşary işler ministrligi bolsa ÝB bilen wiza ýeňillikleri boýunça gepleşikleriň geçirilendigini tassyklady, ýöne deportasiýa merkezlerini ýerleşdirmek barada gürrüň edilmändigini belledi.

Soňra Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili Eduards Stiprais hem Gazagystanda we Özbegistanda deportasiýa merkezlerini ýerleşdirmek baradaky metbugat habarlaryny ret etdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň "Azattyk Aziýa" bölümi Ýewropa Komissiýasyna teswir bermegi haýyş edip, hat iberdi, ýöne heniz jogap almady.

Sebäbi Owganystan golaýda ýerleşýär

Muňa garamazdan, Brýusseliň deportasiýa merkezleri üçin Gazagystany we Özbegistany göz öňünde tutýandygy barada ýewropa neşirlerinde peýda bolan habarlar Merkezi Aziýaly bilermenleriň arasynda pikir alyşmalara sebäp boldy.

Londonda ýerleşýän "Central Asia Due Diligence" guramasynyň direktory Alişer Ilhamowyň pikiriçe, ÝB-niň deportasiýa meselesi bilen baglanyşykly sebitdäki gyzyklanmasy, esasan, onuň geografiýasy bilen baglanyşykly bolup biler.

Londonda ýerleşýän “Central Asia Due Diligence” ylmy-barlag merkeziniň direktory Alişer Ilhamow

"Olar Owganystandan Ýewropa bikanun migrantlaryň uly akymy bolandygy sebäpli, ähtimal, Özbegistanda köp sanly owgany ýerleşdirmäge bil baglaýarlar. "Talyban" häkimiýete gaýdyp gelenden soň, owganlaryň uly akymy boldy. Gazagystan bolsa, onuň uly territoriýa bar, şonuň üçin [deportasiýa merkezlerini] gurmaga ýeri bar. Mundan başga-da, meniň pikirimçe, Brýussel Gazagystany we Özbegistany sebitde has durnukly, migrantlary uzak wagtlap kabul edip biljek ýurtlar hökmünde görýär. Elbetde, olar awtoritar režimler, ýöne şol bir wagtda-da, olar has durnukly" diýip, Ilhamow aýtdy.

BMG-niň hasabatlaryna görä, 2024-nji ýylda owganlar Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden Ýewropa gelen bikanun migrantlaryň iň uly toparlarynyň birini düzýärdi.

Alişer Ilhamowyň sözlerine görä, olaryň Owganystana gaýdyp barmagy uly töwekgelçilikleri döredýär: köpüsi "Talybanyň" yzarlamalary sebäpli gaçyp gitdiler. Eger olar Özbegistandaky we Gazagystandaky deportasiýa merkezleri arkaly yzyna gaýtarylsa, olaryň hukuklary, howpsuzlygy we gazak hem-de özbek häkimiýetleriniň olaryň ykbalyny çözmek ygtyýarlyklary barada hökman soraglar ýüze çykar.

"Owganystan ýokary howpsuzlyk howplary bilen baglanyşdyrylýar. Bu "Talyban" bilen nähilidir bir gepleşikleriň zerur boljakdygyny aňladýar. Eger bu bosgunlar "Talyban" repressiýasyndan gaçyp giden bolsalar, onda olar nädip yzyna gaýtarylyp bilner? "Talyban" hökümeti olary kabul etmäge razy bolsa-da, olary ol ýere iberip bolmaýar. Bu olaryň hukuklarynyň aç-açan bozulmagy bolar, sebäbi olar hut repressiýalardan, adam hukuklary boýunça berk çärelerden gaçyp gitdiler, esasanam gürrüň aýallar barada gidýän bolsa" diýip, politolog Ilhamow belledi.

Islenilmeýän migrantlar: Merkezi Aziýanyň reaksiýalary we jemgyýetçilik pikiri

Ekspertler Astananyň we Daşkentiň öz territoriýalarynda ÝB-niň deportasiýa merkezlerini ýerleşdirmäge razy bolandygyny gipotetiki taýdan göz öňüne getirenimizde başga bir soragyň hökman ýüze çykjakdygyny çaklaýarlar: Gazagystanyň we Özbegistanyň ýaşaýjylary nähili reaksiýa görkezerler?

Merkezi Aziýa boýunça Demokratiýa ösüş gaznasynyň direktory Tolganaý Umbetaliýewanyň pikiriçe, hökümetler öz çäginde deportasiýa merkezlerini ýerleşdirmek barada oňyn karar kabul etse, onda bu jemgyýetde tankydy reaksiýa döredip biler.

Толганай Умбеталиева, директор Центральноазиатского фонда развития демократии

"Gazagystanda ýerli ilatyň şeýle meselä gaty çydamsyzdygyny bilýärin. Olar diňe Siriýadan ýa-da Owganystandan gelenlere örän tankydy garamaýarlar, eýsem beýleki ýurtlardan gelen gazaklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hem gaty çylşyrymlydygyny bilýäris. Olara ozal 'oralmanlar' diýilýärdi, indi bolsa 'kandalar' diýilýär. Syýasy derejede bu örän oňyn görkezilýär, ýöne hakyky durmuşda bu mesele gozgalmaýar. Mysal üçin, häzir Russiýadan göçürilenler bar. Jemgyýetiň olara hem gaty negatiw garaýandygyny görýäris. Eger Owganystandan ýa-da, mysal üçin, Siriýadan adamlaryň akymy bolsa, protestleriň bolmagy mümkin diýip pikir edýärin. Adamlar muňa örän çynlakaý çemeleşýärler" diýip, Umbetaliýewa pikir edýär.

Bilermenler we adam hukuklaryny goraýjylar Ýewropa Bileleşiginiň täze migrasiýa syýasatyny ABŞ-dan migrantlary köpçülikleýin deportasiýa etmek tejribesi bilen gönüden-göni baglanyşdyrýarlar. Donald Trampyň administrasiýasy deportasiýa etmek ylalaşyklaryny üçünji ýurtlar — Meksika, Panama, Kosta-Rika, El Salwador we birnäçe Afrika döwletleri bilen işjeň ulanýar.

"Migration Policy Institute" neşiriniň maglumatlaryna görä, Waşington şeýle ylalaşyklary 27 ýurt bilen baglaşdy. ABŞ-nyň prezidenti muny "bikanun immigrantlary däl-de, ilki bilen amerikan raýatlaryny goramagyň" zerurlygy bilen düşündirýär.

ABŞ-dan Wenesuela deportasiýa edilen migrantlar. 2025-nji ýylyň 23-nji apreli

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň tankytlary

Adam hukuklary boýunça iri halkara guramalar, şol sanda “Amnesty International” we “Human Rights Watch” Waşingtony migrantlaryň hukuklaryny bozmakda tankytladylar.

Olaryň pikiriçe, adamlary hiç hili gatnaşygy bolmadyk üçünji ýurtlara deportasiýa etmek, olary aklawçylara, garaşsyz sudlara elýeterlilikden we yzarlamalara, gynamalara ýa-da başga howplara duçar bolýan ýerlerine mundan beýläk deportasiýa edilmek howpundan goramakdan mahrum edýär. Adam hukuklaryny goraýjylar bu deportasiýa tejribesini "ynsanperwerlik utanjy" diýip atlandyrýarlar.

"Bu ABŞ-nyň we halkara kanunçylygyna görä bikanundyr. Adamlar adalatly sud edilmezden, hukuk maslahatçysyna ýüz tutmazdan ýa-da mejbury göçürilmezden öň yzarlama ýa zorluk howpy barada yglan etmek mümkinçiligi bolmazdan deportasiýa edilýär. Käbir ýagdaýlarda, adamlar bir üçünji ýurtdan beýleki ýurda göçürilip bilner - muňa zynjyrly deportasiýa diýilýär, bu bolsa ahyrsoňy adamyň howp astynda bolan ýurda düşmegine getirip bilýär" diýip, "Amnesty International ABŞ" guramasynyň Bosgunlaryň we migrantlaryň hukuklary maksatnamasynyň direktory Emi Fişer aýtdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän jemgyýet Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ ýaly, indi migrantlary üçünji ýurtlara deportasiýa etmek tejribesine açyk ýagdaýda ýüz tutjakdygyna örän alada bildirýär.

Şeýle deportasiýa merkezlerini ýerleşdirmek mümkinçiligi hödürlenýän ýurtlaryň arasynda Gazagystan we Özbegistan bolarmy? ÝB-niň meýilnamalarynyň resmi tassyklanmasy bolmasa-da, bu meselede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň agzalmagy sebitiň bir gün Ýewropanyň täze migrasiýa prosesleriniň bir bölegi bolmaga taýýardygyny ýa-da taýýar däldigini göz öňünde tutmaga itergi berdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.