Ýewropa Bileleşiginiň AÝ/AR-sy tarapyndan görlen täze meýilleşdirilen sanksiýalaryny görkezýän resminama görä, Orsýet ogurlanan ukrain çagalaryny Demirgazyk Koreýadaky tomusky lagere iberýär.
Resminamada ÝB-niň indiki hepde tassyklanjak Orsýete garşy täze sanksiýalaryna goşuljak adamlar we guramalar sanalýar.
Resminama girizilmegi teklip edilýän adamlar, esasan, Krymda we Donbasda Russiýa tarapyndan basylyp alnan territoriýalardaky ýolbaşçy resmiler, ýöne sanawdaky aýratyn ýazgylaryň biri Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri tarapyndan dolandyrylýan Songdowon halkara çagalar lagerine degişlidir.
Resminamada bu lageriň "ukrain çagalaryny Ukrainanyň wagtlaýyn basylyp alnan territoriýalaryndan Demirgazyk Koreýa alyp barmak bilen baglanyşykly guramaçylykly maksatnamalara gatnaşýandygy" bellenýär.
Degişli maglumat
Zelenski Demirgazyk Koreýanyň Russiýa esgerleri we ýaraglary iberýändigini aýdýarÇagalaryň göçürilmegi Orsýetiň resmileri tarapyndan utgaşdyrylýar we bu "medeni alyş-çalyş" diýilýän bolsa-da, resminamada onuň "giň propaganda funksiýasyny ýerine ýetirýändigi: ukrain çagalary... Orsýet tarapdar gürrüňlere sezewar edilýär" diýlip bellenýär.
Başgaça aýdylanda, resminamada lageriň "Orsýet Federasiýasy bilen utgaşdyrylyp, ukrain çagalarynyň bikanun göçürilmegine, ideologiýa taýdan terbiýelenmegine we harbylaşdyrylmagyna gönüden-göni gatnaşýandygy" hem goşulýar.
Lager Demirgazyk Koreýanyň gündogar kenarynda, Ýapon deňzinde, Günorta Koreýa bilen serhetden takmynan 95 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Düşelgäni mahabatlandyrýan Demirgazyk Koreýa kompaniýasy "Uri Tours" onuň ýurtda iň uly lagerdigini we 1960-njy ýylda "halkara dostlugyny ösdürmek" üçin açylandygyny aýdýar.
Öň maý aýynda Beýik Britaniýa lageriň "Orsýet hökümetiniň ukrain çagalaryny mejbury deportasiýa etmek we gaýtadan bilim bermek maksatnamasyna goldaw berendigi" üçin oňa garşy sanksiýa girizipdi.
Demirgazyk Koreýa muňa Londondaky ilçisini yzyna çagyrmak we gatnaşyklary çäklendirmek bilen jogap berdi.
Halkara Jenaýat Sudy (HJS) Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini "ukrain çagalaryny bikanun deportasiýa etmekde" aýyplap, ony tussag etmek barada order çykardy.
Demirgazyk Koreýanyň Orsýetiň ukrain çagalaryny ogurlamak kampaniýasyna gatnaşmagy onuň uruşdaky roluny güýçlendirýär.
Degişli maglumat
Çagalaryň ogurlanmagy barada ABŞ-nyň gözleg toparynyň ýapylmagyndan soň, ukrainalylar gözlegleri dowam etmäge çagyryş edýär2024-nji ýylda Ukrainanyň Kursk sebitine çozuşyndan soň Demirgazyk Koreýa rus güýçleri bilen bilelikde söweşmek üçin takmynan 12 000 esger iberdi. Günorta Koreýanyň aňtaw gullugy söweşlerde Demirgazyk Koreýanyň takmynan 2000 esgeriniň öldürilendigini habar berdi.
Ýakynda Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Demirgazyk Koreýanyň has köp esgeriniň Orsýete iberiljekdigini, olaryň Ukraina edilýän hüjümlerde Phenýan tarapyndan öndürilen ballistik raketalary dolandyrmak maksady bilen ugradylýan bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.
ÝB-niň sanksiýa sanawynda görkezilen beýleki guramalar Russiýada ýa-da Ukrainanyň basyp alnan sebitlerinde ýerleşýän "tomusky lagerler" diýlip atlandyrylýan beýleki ýerlerdir.
Bileleşigiň maglumatyna görä, ol ýere äkidilen çagalar "Orsýete wepalylygy, rus milli kimligini, rus milli gymmatlyklaryny kabul etmek, harby taryhy temalara we harby-watançylyk guramalary bilen baglanyşykly çärelere gatnaşmagy" öňe sürýän programmalara sezewar edilýärler.
Resminamada bu hili deportasiýalaryň “Ukrain kimligini ýok etmek we geljekki nesilleriň goralyp saklanmagyna zyýan ýetirmek maksady bilen halkara hukugynyň düýpli bozulmagy we çaganyň esasy hukuklarynyň depelenmegi” diýlip bellenilýär.