ÝB-niň we Angliýanyň wekilleri ukrain goldawynyň güýçlendirilmegine çagyrýarlar

ÝB-niň daşary syýasat bölüminiň başlygy Josep Borrell prezident Zelenski bilen

ÝB-niň we Britaniýanyň ýokary derejeli wekilleri rus goşunlarynyň frontuň birnäçe urgundaky inisiatiwany ele almagy we ABŞ-nyň Ukraina berýän maliýe kömeginiň dowam etdirilmeginiň gümürtikligi bilen baglylykda, Ukraina Russiýa garşy durmakda berilýän goldawlary güýçlendirmäge çagyrdylar.

ÝB-niň daşary syýasat bölüminiň başlygy Josep Borrell "The Guardian" gazetine beren interwýusynda, öz pikiriçe, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň "urşy gutarnykly ýeňiş gazanýança dowam etdirmek kararyna gelendigini" aýtdy.

Borrelliň sözlerine görä, "eger-de biz ugry tiz üýtgetmesek, eger-de biz ähli mümkinçiliklerimizi jemlemesek, bu Putine Ukrainadaky uruşda üstün çykmak mümkinçiligini berer". Borrelliň haýsy anyk ädimleri göz öňünde tutýandygy aýdyň däl. Ýewropa Bileleşigi 2023-nji ýylyň dekabrynda geçirilen ÝB sammitinde, Wengriýanyň pozisiýasy sebäpli, Ukraina kömek üçin 50 milliard ýewro bermek meselesinde ylalaşyga gelip bilmedi. ÝB liderleri bu meselä ýanwar aýynda gaýdyp gelerler.

Borrelliň pikiriçe, Russiýanyň Ukrainada ýeňiş gazanmagy ÝB-niň barlygyna howp salar. Ol Russiýanyň millet döwleti däl-de, hemişe “imperiýa” bolandygyny we şu ýagdaý netijesinde goňşularyna, ahyrky netijede bolsa Ýewropa howp salýandygyny aýtdy.

Angliýanyň goranmak ministri Grant Şapps bolsa, “The Sunday Times” gazetine beren interwýusynda Günbataryň Russiýanyň Ukrainany ýeňmegine ýol berip bilmejekdigini aýtdy.

Şappsyň sözlerine görä, goranyş býujetlerini artdyrmak we Ukrainany gerek bolan ähli zady bilen üpjün etmek zerur, sebäbi, onuň pikiriçe, Russiýanyň üstünlik gazanmagy Günbataryň gowşaklygynyň we diktatorlaryň rüstemliginiň yşaraty bolar.